Arkadag futbol topary Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Arkadag futbol topary Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary ilkinji möwsüminde ikinji baýragyna mynasyp boldy. Ýakynda möwsüm tamamlanmanka, Türkmenistanyň çempionatynda beýleki garşydaşlaryndan arany has açyp, çempion bolan topar şu gün Arkadag stadionynda geçirilen duşuşykda Ahaly 3:0 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň Kubogynyň hem eýesi boldy.

Final duşuşygy diýseň çekeleşikli boldy. Bassyr iki ýyl bäri AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp, tejribesini artdyran Ahal ilkinji minutlarda güýçli garşydaşyna mynasyp garşylyk görkezen hem bolsa, öz şäherinde, öz janköýerleriniň arasynda duşuşýan Arkadag topary derrew oýnuň gidişini eline aldy. Şeýlelikde, 29-njy minutda goragçy Abdy Bäşimow tapawutlanyp, finaldaky ilkinji pökgini öz adyna ýazdyrdy.

Birinji ýarymy Arkadag toparynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan duşuşygyň 52-nji minudynda ýene-de Abdy Bäşimow sahna çykyp, toparynyň ikinji pökgüsini hem geçirdi. Final duşuşygynyň jemleýji sözüni ýarym goragçy Ilýa Tamurkiniň 68-nji minutda geçiren pökgüsi sözledi.

Şeýlelikde, Arkadag futbol topary Türkmenistanyň Kubogynyň 30 ýyllyk taryhynda oňa mynasyp bolan 11-nji topar hökmünde taryha girdi. Mundan ozal Aşgabadyň Köpetdag, Altyn asyr, Ýedigen, Nisa, Balkanabadyň Nebitçi, Änewiň Ahal, Marynyň Merw, Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam we Daşoguz şäheriniň Turan toparlary bu Kubogy gazanyp görüpdiler.

Ilkinji möwsümini goşa baýrak bilen başlan Arkadag topary Kubok ýaryşynyň 2023-nji ýyldaky möwsüminde iň köp duşuşyk geçiren topar boldy. Özi hem toparyň Kubok ýaryşyndaky ýoly beýleki garşydaşlarynyň aglabasy ýaly, çärýek finaldan däl-de, deslapky tapgyrdan başlady. Şol tapgyrda Marynyň Energetigini iki duşuşykda 4:0 hasabynda ýeňen Arkadag topary çärýek finalda Köpetdagy (5:1, 4:1), ýarym finalda bolsa Altyn asyry (4:1, 4:0) ýaryşdan çykardy.

Finala çenli üstünlikli gelen Ahal bolsa ýaryşa çärýek finaldan girişip, şol tapgyrda Şagadamy (4:1, 3:0), ýarym finalda bolsa Merwi (1:1, 1:0) ýeňdi.Taryhynda bu Kuboga dört gezek mynasyp bolan Ahalyň bassyr üç ýyl bäri finala çenli baryp bilendigini, geçen ýyl bolsa dördünji Kubogyny gazanandygyny ýatlamak gerek.

Şeýlelikde, Arkadag futbol topary ilkinji möwsümini rekord derejesindäki üstünlikler bilen tamamlady.Möwsümde resmi duşuşyklaryň 31-sini geçiren topar şolaryň ählisinde ýeňiş gazandy.Topar Türkmenistanyň çempionatynda we Kubok ýaryşynda bilelikde garşydaş derwezelere 111 pökgi geçirdi, öz derwezesinde bolsa bary-ýogy 20 pökgi gördi. 31 duşuşykda toparyň futbolçylarynyň 21-si tapawutlandy.

Olaryň başyny 35 pökgi bilen hüjümçi Didar Durdyýew çekýär. 13 gezek tapawutlanan Begmyrat Baýow ikinji, 9 pökgi geçiren Şanazar Tirkişow üçünji orunda.Bu netijeler toparyň öňümizdäki möwsümde yklym ýaryşlaryna gatnaşmak mümkinçiligini artdyran.

Ilkinji möwsümindäki resmi duşuşyklarynyň ählisini milli ýaryşlarda geçiren Arkadag futbol toparyna halkara giňişliginde hem üstünlikleri arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär
Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
TÝL ― 2022: Abdyrahmanow Merwde 20 gol geçiren bäşinji futbolçy boldy
AFK-nyň kubogy: Ahalyň yklym ýaryşyna alyp baran oýunçylary belli boldy