Çempionlyk ugrunda ýiti göreş

Türkmenistanyň futbol çempionatynda 2021-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. 20-nji tapgyrda 2 oýun deňlikde tamamlandy. Öňdebaryjy “Ahal” myhmançylykda “Şagadam” bilen 11 hasabynda deňme-deň oýnady. “Altyn asyr” öz meýdançasynda “Balkany” 52 hasabynda ýeňdi. Ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Altymyrat Annadurdyýew, Selim Nurmyradow, Murat Ýakşiýew (2) hem-de Arslanmyrat Amanow derwezä girizdi. Öz meýdançasynda “Energetikden” 21 hasabynda üstün çykan “Turan” şu möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. “Merw” bilen “Köpetdagyň” arasyndaky oýunda hasap açylmady.21-nji tapgyrda oýnalan 4 duşuşygyň 2-sinde myhmanlar, 2-sinde-de ýer eýeleri ýeňiş gazandy.

Jemi 9 gol derwezä girizilip, ýeňlişe sezewar bolan toparlar ýeke pökgi hem geçirip bilmedi.Sanawyň lideri “Ahal” öz meýdançasynda iň aşaky orunda barýan “Turany” kabul etdi. Ýer eýeleri Wahyt Orazsähedowyň het-trigi bilen 30 hasabynda ýeňiş gazandy.

Soňky çempion “Altyn asyr” myhmançylykda “Energetik” bilen duşuşyp, 20 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy.Gollary Mihail Titow bilen Murat Ýakşiýew derwezä girizdi.Edil şonuň ýaly netije paýtagt derbisinde-de hasaba alnyp, “Aşgabat” myhmançylykda “Köpetdagy” ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşykda Azat we Berdi Şamyradowlar tapawutlandy.Kenarýaka şäheriniň wekili “Şagadam” hem öz meýdançasynda 3 utugy 2 gol bilen gazandy.Olar Marynyň “Merw” toparyny Amir Gurbaniniň 2 goly (1-si penalti) bilen utmagy başardy.21-nji tapgyrdan soň, iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda 15 gol bilen Murat Ýakşiýew 1-nji hatarda barýar. 12 gezek tapawutlanan Wahyt Orazsähedow bilen Amir Gurbani 23-nji ýerleri paýlaşýarlar.Çempionatyň indiki tapgyrynda sanawyň lideri “Ahal” bilen soňky çempion “Altyn asyr” duşuşar. Şeýle-de “Şagadam” “Aşgabady”, “Turan” “Merwi”, “Energetik” “Balkany” kabul eder. 22-nji tapgyryň duşuşyklary 19-njy awgustda, ýagny şu gün oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Ildeşlerimiziň şowly başlangyjy
Ildeşlerimiziň taryhy ýeňşi
TÝL ― 2022: Amanow Ahaldaky 10-njy pökgüsini geçirdi
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2020-nji ýylyň jemini jemledi
Türkmenistanyň 28-nji futbol çempionaty sanlarda
Türkmenistanyň futbol çempionaty 2020: futbolçylaryň 100-si tapawutlandy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär