Ildeşlerimiziň şowly başlangyjy

Futbol boýunça 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek Dünýä Kubogynyň hem-de 2023-nji ýylda Hytaýda guraljak Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryna Türkmenistanyň ýygyndysy şowly başlady.Ildeşlerimiz “H” toparçadaky ilkinji duşuşygynda myhmançylykda Şri Lankanyň ýygyndysyny 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Oýnuň 8-nji minutynda Wahyt Orazsähedow çep gyradan geçirilen hüjümde 2-3 oýunçynyň deňinden geçip, owadan we batly urgy bilen topy derwezä girizdi. 1-nji ýarymda ildeşlerimiz başga-da birnäçe amatly pursatlary döretdiler. Şolaryň birinde 28-nji minutda Wahyt Orazsähedowyň urgusynda top ýokarky sütüne degip, yzyna gaýtdy. 2-nji ýarymda depgini has-da güýçlendiren türkmen futbolçylary 53-nji minutda hasaby 2-0-a ýetirdi.

Bu goly toparymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow jerime urgusyndan, 20-22 metr uzak aralykdan derwezä girizmegi başardy.Şondan soňam türkmenistanly futbolçylar hasaby artdyrmak üçin aýratynam, Arslanmyrat Amanow, Altymyrat Annadurdyýew, oýna soň goşulan Murat Ýakşiýew birnäçe amatly pursatlary döretdiler.

Netijede, duşuşyk 20 hasabynda türkmen futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy.Duşuşykda Saud arabystanyly Mohammed Al-Hoiş jürlewük çalyp, oýna 1220 janköýer tomaşa etdi.Bu oýun Türkmenistan bilen Şri Lankanyň arasyndaky 5-nji duşuşyk bolup, ildeşlerimiz 4-nji gezek ýeňiş gazandy. Şol 5 oýunda 1 gezek deňme-deň oýnan türkmen futbolçylary 10 gol geçirdiler.

TÜRKMENISTAN—KOREÝA RESPUBLIKASY: 10-njy sentýabrdaToparçadaky beýleki oýnuň netijesi hem 20 hasaby bilen tamamlanyp, KHDR öz meýdançasynda Liwandan üstün çykdy. Ýer eýelerine ýeňiş getiren gollaryň ikisini hem 7-nji we 56-njy minutlarda Jun Il-gwan derwezä girizdi.

Toparçadaky 2-nji oýunlarda Türkmenistanyň ýygyndysy Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň ýygyndysyny, ýene-de öz meýdançasynda duşuşýan Şri Lanka bolsa KHDR-iň milli toparyny kabul eder.Duşuşyklar 10-njy sentýabrda geçiriler.

Paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda boljak oýun 19:00-da başlar.

Kuweýtiň we Kataryňuly hasaply ýeňişleriDünýä Kubogy 2022-niň hem-de Aziýa Kubogy 2023-iň saýlama tapgyrlarynda beýleki toparçalarda-da duşuşyklar geçirildi. “A” toparçada myhmanlar ýeňiş gazanyp, Maldiwler Guamy 10, Siriýa bolsa Filippinleri 52 hasabynda utdy. “B” toparçada Kuweýt öz meýdançasynda Nepaldan 70 üstün çykdy.

Iordaniýa bolsa, myhmançylykda Hytaý Taýpeýini 21 ýeňdi. “C” toparçadaky iki oýun hem 11 deňlikde tamamlandy (Kamboja—Gonkong: 11, Bahreýn—Yrak: 11). “D” toparçada Özbegistanyň ýygyndysy myhmançylykda Palestinadan 20 asgyn gelip, köpleri geň galdyrdy.

Singapur—Ýemen duşuşygynda ýeňiş gazanan bolmady (22). “E” toparçada Dünýä Kubogynyň guraýjysy Katar Owganystanyň ýygyndysynyň derwezesinden jogapsyz 6 gol geçirdi (60).Duşuşykda Almoez Ali 3 gezek tapawutlandy.Oman myhmançylykda Hindistany 21 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “F” toparçada birmeňzeş netijeler hasaba alnyp, Mongoliýa Mýanmany, Täjigistan hem Gyrgyz Respublikasyny 10 hasabynda ýeňdi. “G” toparçada Tailand bilen Wýetnamyň arasyndaky oýunda hasap açylmady.

Sebitiň derbisi hökmünde görülýän Indoneziýa-Malaýziýa duşuşygynda myhmanlar 32 hasabynda ýeňşini baýram etdi.Myhmanlar ýeňiş goluny 90+6-njy minutda derwezä girizdi.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2022: Amanow Ahaldaky 10-njy pökgüsini geçirdi
TÝL ― 2023: 2-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň käbir gyzykly hasaplamalar
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Milli ýygyndymyzyň nobatdaky duşuşyklary
Ildeşlerimiziň taryhy ýeňşi
Ildeşlerimiziň taryhy ýeňşi