Ildeşlerimiziň taryhy ýeňşi

Futbol boýunça Dünýä Kubogy 2022 we Aziýa

Kubogy 2023 ýaryşlarynyň saýlama tapgyrynyň

çäklerinde “H” toparçada çykyş edýän

Türkmenistanyň milli ýygyndysy KHDR-iň milli ýygyndysyny 3-1 hasabynda ýeňmegi başardy.

Çekeleşikli geçen oýunda ildeşlerimiziň adyndan 23-nji minutda Mihail Titow, 73-nji minutda

Arslanmyrat Amanow hem-de 88-nji minutda Wahyt

Orazsähedow tapawutlandy. Myhmanlardan Kwan-han Sonuň 90+3-nji minutda

geçiren goly ýeňiş üçin olara ýeterlik bolmady. Şunlukda, Türkmenistanyň milli

ýygyndysy ilkinji gezek KHDR-iň ýygyndysyny ýeňmegi başardy. Bu ýeňişden soň, utugyny

6-a ýetiren

ildeşlerimiz geljek hepdäniň sişenbe güni, has takygy, 19-njy noýabrda “Köpetdag”

stadionynda Şri Lankanyň ýygyndysyny kabul eder.

Ýene degişli makalalar

Ildeşlerimiziň taryhy ýeňşi
TÝL ― 2022: Amanow Ahaldaky 10-njy pökgüsini geçirdi
Milli ýygyndymyzyň nobatdaky duşuşyklary
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatyna çykmaga ýakyn
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi