Ildeşlerimiziň taryhy ýeňşi

Futbol boýunça Dünýä Kubogy 2022 hem-de Aziýa Kubogy 2023 ýaryşlarynyň saýlama tapgyrynda “H” toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysy taryhy ýeňiş gazandy.Ildeşlerimiz Koreýa HDR-niň milli ýygyndysyny paýtagtymyzdaky Köpetdag stadionynda kabul etdi.

Tailandly Siwakorn Pu-Udomyň eminlik eden oýnunda ildeşlerimiz şu wagta çenli ýeňip görmedik garşydaşyndan 3-1 hasabynda üstün çykdy.Myhmanlaryň hüjümi bilen başlan oýnuň 23-nji minutynda derwezäniň alkymyndaky başagaýlykdan ýerlikli peýdalanan ildeşlerimiz hasaby açdy.

Batly urgy bilen topy derwezä gönükdiren Mihail Titow boldy. Şondan soň, myhmanlar hüjümlerini has-da artdyrdylar. Ýöne derwezeçimiz Mämmet Orazmuhammedow, goragçylarymyz, wagtal-wagtal hem derwezäniň sütünleri topuň tora girmegine ýol bermedi. Şunlukda, 1-nji ýarym 10 hasabynda ildeşlerimiziň peýdasyna tamamlandy. 2-nji ýarymyň başynda Mihail Titowyň ornuna Murat Ýakşiýewi meýdança çykaran Ante Mişe ýene-de gorag taktikasyny saýlap aldy.

Garşylyklaýyn hüjümler bilen myhmanlaryň derwezesine howp salmagy maksat edinen ildeşlerimiziň bu taktikasy özüniň şowly netijesini berdi.Duşuşygyň 73-nji minutynda şol garşylyklaýyn hüjümleriň birinde ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow hasaby 2-ä çykardy.

Ol derwezeçini-de geçip, topy 2530 metr aralykdan boş derwezä gönükdirdi. Şondan az-owlak ruhdan düşen koreýaly futbolçylar köp ýalňyşlyk goýberip başladylar.Türkmen futbolçylary 88-nji minutda ýene bir pökgini derwezä girizdi.

Bu goly Wahyt Orazsähedow öz adyna ýazdyrdy.Aslynda ezber hüjümçimiz şol goldan sähelçe wagt öň 2 sany amatly pursatdan peýdalanyp bilmändi.Oýnuň bu hasap bilen tamamlanmagyna garaşylýardy.

Hatda minutda Pak Kwan Rýonguň ýerine ýetiren penalti urgusyny hem derwezeçimiz sowmagy başardy. Ýöne oýnuň 90+3-nji minutynda myhmanlaryň “Ýuwentusda” çykyş edýän ýaş hüjümçisi Han Kwan-Son tapawutlanyp, gollaryň biriniň öwezini doldy. Şunlukda, Türkmenistanyň ýygyndysy KHDR-iň ýygyndysyny ilkinji gezek ýeňlişe sezewar etdi.

Ildeşlerimiz mundan öňki 6 oýnuň 4-sinde garşydaşlaryndan asgyn gelipdi.Toparçadaky beýleki duşuşykda Liwan bilen Koreýa Respublikasy duşuşyp, oýunda hasap açylmady.Häzirki wagtda tamamlanan 4-nji oýunlardan soň, Koreýa Respublikasy 8 utuk bilen öňdäki orny eýeleýär.

Liwan bilen KHDR-iň 7, ildeşlerimiziň 6 utugy bar.Türkmenistanyň ýygyndysy nobatdaky duşuşygyny hem paýtagtymyzda geçirer. 19-njy noýabrda, ýagny geljek hepdäniň sişenbe güni oýnaljak oýunda ildeşlerimiz Şri Lankanyň ýygyndysyny kabul eder. “Köpetdag” stadionynda oýnaljak duşuşyk 16:00-da başlanar. 1-nji oýunda türkmen futbolçylarynyň 20 hasabynda ýeňiş gazanandygyny ýatladyp, ildeşlerimize uly üstünlik arzuw edýäris.Toparçalardaky 4-nji oýunlaryň netijeleri: “A”: MaldiwlerFilippinler: 12, SiriýaHytaý: 21; “B”: KuweýtHytaý Taýpeýi: 90, IordaniýaAwstraliýa: 01; “C”: GonkongBahreýn: 00, YrakEýran: 21; “D”: ÖzbegistanS.

Arabystany: 23, ÝemenPalestina: 10; “E”: OwganystanHindistan: 11, OmanBangladeş: 41; “F”: MýanmaTäjigistan: 43, Gyrgyz Res.Ýaponiýa: 02; “G”: MalaýziýaTailand: 21, WýetnamBAE: 10; “H”: TürkmenistanKHDR: 31, LiwanKoreýa Res.: 0-0.

Ýene degişli makalalar

Ildeşlerimiziň taryhy ýeňşi
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatyna çykmaga ýakyn
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi
TÝL ― 2022: Amanow Ahaldaky 10-njy pökgüsini geçirdi
“Gaza Söweş Meýdanyna Öwrüldi”