TÝL ― 2022: Amanow Ahaldaky 10-njy pökgüsini geçirdi

Terjibeli futbolçy Arslanmyrat Amanow Ahalyň düzüminde Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 10-a tegeledi. Onuň 12-nji tapgyrda Köpetdagyň derwezesinden 2 pökgi geçirendigini ýatladýarys.

Şeýlelikde, Arslanmyrat Amanow 2013-nji ýyldan bäri Ahalyň düzüminde iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň sanawynda ilkinji 20-lige göterildi. Has takygy, ol Mihail Titow, Döwletmyrat we Serdaraly Ataýewler bilen bilelikde 19-njy orny paýlaşýar. Mundan beýläk çempionatda geçiren her bir goly tejribeli ýarym goragçyny bir basgançak ýokary çykarar.

Arslanmyrat Amanow topardaky 10 pökginiň 7-sini şu möwsümde geçirip, iň netijeli futbolçylaryň sanawynda dördünji orna çykdy.

Ýokarda agzalan möwsümden bäri Ahalda iň kän tapawutlanan futbolçy 49 gol bilen Didar Durdyýewdir. Ikinji orunda 40 golly Elman Tagaýew, üçünjilikde bolsa 33 golly Wahyt Orazsähedow bar.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ýubileý duşuşygyny geçirdi
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
TFF 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemlerini jemledi
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy