Milli ýygyndymyzyň nobatdaky duşuşyklary

Dünýä Kubogy 2022 hem-de Aziýa Kubogy 2023 ýaryşlarynyň saýlama tapgyrynyň oýunlary ýokary depginde dowam edýär. “H” toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň nobatdaky 2 duşuşygy paýtagtymyzda geçiriler.

Ildeşlerimiz 14-nji noýabrda KHDR-iň, 19-njy noýabrda-da Şri Lankanyň ýygyndysyny kabul eder. 16:00-da başlanjak duşuşyklaryň ikisi hem paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda oýnalar.KHDR bilen boljak oýna tailandly Siwakorn Pu-Udom eminlik eder.

Horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň tälimçiligindäki milli ýygyndymyzyň 25 oýunçydan ybarat düzümi hem belli boldy.Tälimçi Ante Mişeniň düzüme çagyran oýunçylarynyň 21-si ýurdumyzda çykyş edýän bolsa, galan 4-si daşary ýurtlarda oýnaýan futbolçylardyr.

Milli toparyň düzümine “Altyn asyrdan” 9, “Ahaldan” 7, “Köpetdagdan” 3, “Şagadamdan” 1, “Aşgabatdan” 1 futbolçy çagyryldy. Şeýle-de Özbegistanyň “Lokomotiwinden” Arslanmyrat Amanow, Gyrgyzystanyň “Dordoýyndan” Wahyt Orazsähedow, Kambojanyň “Nagaworld” toparyndan Amir Gurbani hem-de Gazagystanyň “Irtyş” klubundan Ruslan Mingazow dagy milli ýygyndyda çykyş ederler.

Ildeşlerimize bu iki jogapkärli duşuşykda uly üstünlikler arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Transfermarkt türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi
Malaýziýa bilen boljak duşuşykda türkmen ýygyndysynyň başlangyç düzümi mälim edildi
Futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň kubogy tamamlandy
Ruslan Mingazow Sapling kubogynda tapawutlandy
Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynda 15 oýunda 17 gol urdy