Transfermarkt türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi

Transfermarkt türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi

Germaniýanyň Transfermarkt portaly futbolçylaryň ýylyň ahyryndaky transfer bahalarynyň reýtingini yglan etdi. Portala görä, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 2023-nji ýyldaky düzüminiň bahasy 3,30 million ýewro ýetdi.

Milli ýygyndynyň we Gonkongyň Kitçisiniň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow häzirki wagtda türkmen ýygyndysynyň iň gymmat bahaly futbolçysydyr. 32 ýaşly futbolçynyň transfer bahasy 550 müň ýewro ýetýär.

Ikinji orunda Gyrgyzystanyň Abdyş-Atasy bilen AFK-nyň kubogynda nobatdaky tapgyra çykan 23 ýaşly Teýmur Çaryýew bar. Transfermarkt oňa 250 müň ýewro baha kesýär.

Üçünji orny bolsa şu ýyl Arkadag topary bilen goşa Kubok gazanan Arslanmyrat Amanow eýeleýär. 33 ýaşly futbolçynyň transfer bahasy 200 müň ýewro ýetýär.

Ýeri gelende aýtsak, täzelenen sanawda dünýäniň iň gymmat futbolçylary Realyň 20 ýaşly ýarym goragçysy Jud Billingem, Mançester Sitiniň 23 ýaşly hüjümçisi Erling Haland we PSŽ-niň 25 ýaşly hüjümçisi Kilian Mbappe boldy. Transfermarkt üç futbolça-da 180 million ýewro baha kesýär.

Ýene degişli makalalar

Ruslan Mingazow Gonkongyň futbol çempionatynyň iň gowy oýunçysy boldy
Ruslan Mingazow Kitçiniň düzüminde Gonkongyň çempiony boldy
Mbappe PSŽ-den gitmek isleýär
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Mbappe Ýewropanyň iň güýçli bäş ligasynyň iň netijeli futbolçysy boldy
Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri PHYF-e gatnaşýar, Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy üçin jerime barada nädip maglumat almaly we beýleki habarlar