Ruslan Mingazow Kitçiniň düzüminde Gonkongyň çempiony boldy

Ruslan Mingazow Kitçiniň düzüminde Gonkongyň çempiony boldy

Kitçi futbol topary ýerli çempionatyň ahyrky duşuşygynda Li Man Uorriors bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, Gonkongyň çempiony boldy.

Şeýlelikde, bu toparyň düzüminde türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow hem çempionlyk medalyna eýe boldy. Transfermarkt tarapyndan 550 müň ýewro baha kesilýän futbolçy çempionatyň tamamlanan möwsüminde 18 duşuşykda 17 gezek tapawutlanyp, iň netijeli futbolçylaryň biri bolmagy başardy.

1931-nji ýylda döredilen Kitçi futbol topary taryhynda 12 gezek ýurduň çempiony bolmagy başardy. Ruslan Mingazow bolsa mundan ozal 2008-nji ýylda Aşgabadyň düzüminde Türkmenistanyň, 2010-njy ýylda Skontonyň düzüminde Latwiýanyň, 2016 ― 2017-nji ýyllaryň möwsüminde Slawiýanyň düzüminde Çehiýanyň çempiony boldy.

Kitçi şu ýylyň ýanwar aýynda Ruslan Mingazow bilen 2025-nji ýyla çenli şertnamasyny täzeledi.

Ýene degişli makalalar

Transfermarkt türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi
Mingazow Gonkongyň ýyldyzlarynyň düzüminde Messä garşy ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşar
Ruslan Mingazow Gonkongyň futbol çempionatynyň iň gowy oýunçysy boldy
15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
6-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal