Ruslan Mingazow Gonkongyň futbol çempionatynyň iň gowy oýunçysy boldy

Ruslan Mingazow Gonkongyň futbol çempionatynyň iň gowy oýunçysy boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we Kitçi futbol toparynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň premýer ligasynyň 2022 ― 2023-nji ýyllardaky möwsüminiň Iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Bu barada Gonkongyň Futbol birleşiginiň resmi saýty habar berdi.

Kitçä geçen ýylyň mart aýynda erkin oýunçy hökmünde goşulan Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatyndaky ilkinji türkmenistanly futbolçydyr.

31 ýaşly futbolçy çempionatyň geçen möwsüminde 18 duşuşyk geçirip, olarda 17 gezek tapawutlandy.

Ruslan Mingazow Kitçiniň düzüminde ýurduň Kubogyna, Gonkong Senýor Şild kubogyna hem-de çempionlyga mynasyp boldy.

Türkmenistanly ýarym goragçynyň oýnundan klubyň ýolbaşçylary we tälimçiler düzümi hem olar şu ýylyň başynda Ruslan Mingazow bilen baglaşylan şertnamany 2025-nji ýyla çenli uzaltdylar.

Ýeri gelende aýtsak, Germaniýanyň Transfermarkt portalyna görä, Ruslan Mingazow iň gymmat bahaly türkmenistanly futbolçydyr. Onuň transfer bahasy 55 müň ýewro ýetýär.

Ruslan Mingazow daşary ýurtlaryň çempionatlarynda öňe saýlanan ilkinji türkmenistanly futbolçy däldir. Geçen ýyllarda derwezeçi Rahat Japarow hem Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çempionatlarynda Iň gowy derwezeçi diýlip yglan edilipdi.

Ýokary ukyp-başarnyga eýe türkmenistanly futbolçylara häzir dünýä döwletleriniň çempionatlaryndan gyzyklanma uly. Olar häzir çempionatdan daşary Gonkongyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Litwanyň we beýleki döwletleriň çempionatlarynda çykyş edýärler.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Transfermarkt türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi
Türkmenistanda Türkiýäniň Medeniýet günleri geçiriler, Türkmenistan 2024-nji ýylyň aprelinde Parižde maýa goýum forumyny geçirer, Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabatda we Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy we beýleki habarl
Türkmenistan DÇ-2026-nyň saýlamasynda myhmançylykda Gonkong bilen deň oýnady
15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
6-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal