Mingazow Gonkongyň ýyldyzlarynyň düzüminde Messä garşy ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşar

Mingazow Gonkongyň ýyldyzlarynyň düzüminde Messä garşy ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow Lionel Messiniň Inter Maýami topary bilen boljak ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşar. Bu barada Mingazowyň çykyş edýän Kitçi topary habar berýär.

Ruslan Gonkongyň ýyldyzlarynyň düzüminde Maýami bilen geçiriljek oýunda Kitçiniň beýleki bäş oýunçysy bilen bilelikde çykyş eder. Amerikanyň bu toparynyň düzüminde Messiden başga-da, onuň Barselonadaky öňki topardaşlary Luis Suarez, Serhio Buskets hem-de Jordi Alba oýnaýar.

Duşuşyk 4-nji fewralda Gonkongyň 40 müň tomaşaçy üçin niýetlenen milli stadionynda geçiriler.

Ruslan Mingazow — türkmenistanly ýarymgoragçy bolup, Gonkongyň Kitçi toparynyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edýär. Ol 2022-2023-nji ýylyň futbol möwsüminde Gonkongyň çempionatynda iň netijeli futbolçy boldy.

Belläp geçsek, Ruslan 1991-nji ýylda Aşgabatda doguldy.Futbol ýoluna 6 ýaşynda başlady.Türkmenistanyň Aşgabat futbol toparynda, Ýewropanyň birnäçe toparlarynda, şol sanda 2016-2017-nji ýylyň futbol möwsüminde Çehiýanyň çempiony bolan Praganyň Slawiýa toparynyň düzüminde oýnady. 2022-nji ýylyň martynda bolsa Mingazow Kitçi toparyna geçmek bilen, Gonkongda ilkinji türkmen legioneri boldy. 2023-nji ýylda topar onuň şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Mingazow 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşlarynyň çäginde Gonkongyň milli ýygyndysyna garşy bolan oýunda türkmen milli ýygyndysynyň iki goluny geçirdi.

Ýene degişli makalalar

15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
6-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Şu minuda çenli Turkmenportal-yň esasy habarlary
Transfermarkt türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi