Türkmenistanyň 28-nji futbol çempionaty sanlarda

Ýakynda tamamlanan ýurdumyzyň 28-nji futbol çempionatynda paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary 7-nji çempionlygyny gazanmagy başarypdy. “Altyn Asyr” geçiren duşuşyklarynda 73 utuk toplady. Çempionatyň jemi boýunça “Ahal” ikinji (55 utuk), “Şagadam” (47 utuk) bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. “Köpetdag” (41 utuk), “Aşgabat” (36 utuk), “Merw” 28 utuk), “Nebitçi” (24 utuk), “Energetik” (12 utuk) toparlary degişlilikde 4-nji, 5-nji, 6-njy, 7-nji, hem-de 8-nji orunlary eýelediler.

Dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda umumylykda 112 duşuşyk geçirilip, olarda 50 gezek ýer eýeleri ýeňiş gazanan bolsa, 20 duşuşyk deňlikde tamamlandy. Duşuşyklaryň 42-si bolsa myhmanlaryň peýdasyna boldy.

Çempionatymyzyň ilkinji goluny “Ahalyň” oýunçysy Murat Ýakşiýew geçiren bolsa, onda jemleýji topy “Altyn Asyryň” hüjümçisi Mihail Titow öz adyna ýazdyrdy.

M.Ýakşiýew birinji tapgyryň çäginde paýtagtymyzda toparynyň Balkanabadyň “Nebitçisi” bilen geçiren duşuşygynyň 22-nji minutynda hasaby açmagy başarypdy. Şol duşuşyk 3:0 hasabynda “Ahalyň” peýdasyna tamamlanypdy. M.Titow bolsa soňky, 28-nji tapgyryň çäginde toparynyň “Nebitçi” bilen geçiren duşuşygynyň 87-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan duşuşykdaky gutarnykly netijäni goýupdy. Şol duşuşykda “Altyn Asyr” 2:0 hasabynda üstün çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2020-nji ýylyň jemini jemledi
Türkmenistanyň futbol çempionaty 2020: futbolçylaryň 100-si tapawutlandy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
"Altyn asyr" "Ist Bengal" ýeňip AFK-2 Çempionlar ligasynyň topar tapgyryna çykdy
“Altyn asyr” AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder
15-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti