Türkmenistanyň futbol çempionaty 2020: futbolçylaryň 100-si tapawutlandy

Ýakynda tamamlanan ýurdumyzyň futbol çempionatynyň dowamynda dürli toparlara wekilçilik edýän futbolçylaryň 100-si netijeli urgy geçirmegi başardy. Futbolçylaryň bäşisi bolsa topy öz derwezelerinden geçirdiler.

Çempionatyň dowamynda oň köp gol geçiren oýunçylaryň sanawynda netijeli urgularyň 35-sini (5-si 11 m.u.) öz adyna ýazdyran Altymyrat Annadurdyýew öňdeligi eýeledi.Bu hüjümçiniň 2018-nji ýylda hem bu ugurda öňe saýlanandygyny bellemek gerek.

Bu sanawda ilkinji bäşligi şu oýunçylar düzdüler: Yhlas Magtymow (16 top; 3-si 11 m.u.), Elman Tagaýew (16 top; 5-si 11 m.u.), Mihail Titow (13 top), Murat Ýakşiýew (11 top).

28-nji gezek geçirilen Türkmenistanyň futbol çempionatynda paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” toparynyň 7-nji çempionlygyny gazanandygyny ýatladýarys. “Altyn Asyr” geçiren duşuşyklarynda 73 utuk toplady. Çempionatyň jemi boýunça “Ahal” ikinji (55 utuk), “Şagadam” (47 utuk) bolsa üçünji orunlara mynasyp bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň çempionatynda aýyň iň gowy oýunçysy diýen ada ilkinji gezek Arkadag toparynyň oýunçysy mynasyp boldy
Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Kubok ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji oýunlary geçirildi
Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar