“Altyn asyr” 1-nji orna ymtylýar

Futbol boýunça Türkmenistanyň Milli çempionatynda wagty soňa süýşürilen duşuşyklar tamamlandy. “Altyn asyr” 17-nji tapgyrda galdyrylan oýunda myhmançylykda “Şagadam” bilen duşuşdy.Olaryň arasyndaky 1-nji duşuşyk hem golaýda oýnalypdy we paýtagtymyzda geçirilen şol oýunda hasap açylmandy.

Jogap duşuşygynda soňky çempion garşydaşyny 20 hasabynda ýeňmegi başardy.Aragatnaşykçylaryň gollarynyň ikisini-de 37-nji we 48-nji minutlarda Resul Hojaýew derwezä girizdi. Şunlukda, soňa goýlan 7 duşuşykda “Altyn asyr” 3 ýeňiş gazanyp, 3 saparam deňme-deň oýnady.

Olar 1 oýunda-da, has takygy, myhmançylykda “Merwden” 10 hasabynda utuldy.Bu netijelerden soň, Milli çempionatyň 2-nji aýlawy-da tamamlandy.Soňky oýunda gazanylan 3 utuk “Altyn asyry” sanawyň çür depesine ýene bir ädim golaýlatdy.

Utugyny 33-e ýetiren “Altyn asyr” 31 utukly “Balkandan” öňe saýlandy we 2-nji basgançaga beýgeldi.Sanawyň başyny 37 utuk bilen “Ahal” topary çekip gelýär.Munuň özi, 34-nji aýlawda çempionlyk ugrunda öňdebaryjy klublaryň arasynda ýiti göreşiň boljakdygyndan nyşan diýip, bilermenler belleýär.Iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda-da özara bäsdeşlik ýokary depginde dowam edýär. “Altyn asyr” toparynyň ezber hüjümçisi Murat Ýakşiýew 12 gol bilen 1-nji hatarda barýar. 11 golly Yhlas Magtymow (“Balkan”) 2-nji, 10 pökgini tora salan Amir Gurbani (“Şagadam”) 3-nji orny eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2020-nji ýylyň jemini jemledi
Türkmenistanyň futbol çempionaty 2020: futbolçylaryň 100-si tapawutlandy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
Ýurdumyzyň milli çempionaty tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti prokuratura edaralarynda wezipe çalşygyny geçirdi
Türkmen türgeni erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy
TÝL ― 2020: möwsümde näçe futbolçy tapawutlandy?