TÝL ― 2020: möwsümde näçe futbolçy tapawutlandy?

TÝL ― 2020: möwsümde näçe futbolçy tapawutlandy?

Ýakynda tamamlanan Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 28-nji möwsüminde 329 pökginiň geçirilendigini habar beripdik. Eýsem, bu pökgüleri näçe futbolçy geçirdikä?

Turkmenportalyň habarçysynyň şahsy hasaplamalaryna görä, Ýokary liga ― 2020-de göni 100 futbolçy tapawutlandy. Olardan diňe Altyn asyryň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew 35 pökgi geçirdi. Galan futbolçylaryň hiç haýsy hem 20 golluk sepgide ýetip bilmediler.

Geçen möwsümde 6 futbolçy 10 ýa-da ondan kän pökgi geçirdi. Has takygy, möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň ilkinji 10-lugy aşakdaky tertipde.

1. Altymyrat Annadurdyýew, Altyn asyr, 35 pökgi;

2 ― 3. Yhlas Magtymow, Şagadam, 16 pökgi;

2 ― 3. Elman Tagaýew, Ahal, 16 pökgi;

4. Mihail Titow, Altyn asyr, 13 pökgi;

5. Myrat Ýagşyýew, Ahal, 11 pökgi;

6. Nazar Towakelow, Aşgabat, 10 pökgi;

7. Hemra Amanmämmedow, Şagadam, 9 pökgi;

8. Alibek Abdyrahmanow, Merw, Nebitçi, 8 pökgi;

9. Pirmyrat Sultanow, Ahal, 7 pökgi;

10. Baýramgeldi Nurlyýew, Şagadam, 6 pökgi;

10. Döwlet Seýitmuhammedow, Köpetdag, 6 pökgi;

10. Pirmyrat Gazakow, Merw, 6 pökgi.

Möwsümde jemi 6 futbolçy öz derwezesine pökgi geçirdiler. Olar barada indiki habarymyzda doly ýazarys.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: 15-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: Ahal ikinji aýlawda ilkinji gezek utuk ýitirdi, Şagadam ilkinji utugyny gazandy