“Ahal” bilen “Altyn asyr” ýarym finalyň bosagasynda

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ýaryşynda çärýek finalyň 1-nji duşuşyklary oýnaldy.Kubogyň soňky eýesi “Altyn asyr” myhmançylykda “Aşgabat” topary bilen duşuşdy.Oýunda “Altyn asyr” 1-0 hasabynda üstün çykdy.

Aragatnaşykçylara ýeňiş getiren ýeke-täk pökgini 69-njy minutda Murat Ýakşiýew derwezä girizdi. Çempionatymyzda häzirki wagtda 1-nji hatarda barýan “Ahal” hem myhmançylykda ýeňiş gazanyp, ýarym finalyň bosagasyndan uly ädim ätdi.

Olar myhmançylykda “Balkan” toparyny 31 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. 41-nji minutda Myrat Annaýew hasaby açsa, 52-nji we 56-njy minutlarda Wahyt Orazsähedow “Balkanyň” torundan ýene-de 2 top girizdi. Ýer eýelerine geçirilen bu 3 goluň diňe biriniň öwezini dolmak başartdy.

Ony-da 70-nji minutda yzygiderli gol geçirýänligi bilen tanalýan goragçy Mekan Saparow öz adyna ýazdyrdy.Mary welaýat derbisinde “Merw” bilen “Energetigiň” arasyndaky 1-nji duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady. 22-nji minutda “Merwden” Begenç Alamow bellenen 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi. 58-nji minutda-da myhmançylykdaky “Energetigiň” tanymal oýunçysy Guwanç Abylow hasaby deňledi. Çärýek finalyň ýene bir oýnunda, has takygy, “Şagadam”“Köpetdag” duşuşygy-da deňlikde tamamlandy. 31-nji minutda “Köpetdagdan” Baýramgeldi Nuryýewiň geçiren goluna ýer eýelerinden Hydyr Ýakubow 75-nji minutda jogap berdi.

Ozal habar berlişi ýaly, “Köpetdag” 1/8 finalda “Turany” öz meýdançasynda-da, myhmançylykda-da 21 hasabynda utup, çärýek finala çykypdy. Çärýek finalyň jogap duşuşyklary 8-nji awgustda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Ildeşlerimiziň şowly başlangyjy
Ildeşlerimiziň taryhy ýeňşi
Täjigistanda täze futbol möwsümi 1-nji aprelde başlar
Wahyt Orazsähedow Istiklol bilen hoşlaşdy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi “Turan” toparyna geçdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altymyrat Annadurdyýew yklym ýaryşyndaky 20-nji pökgüsini geçirdi
Türkmenistanly milli futbolçynyň dyzyna Türkiýede operasiýa edildi