Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň we Gazagystanyň Super Liga “Turan” sport klubynyň oýunçysy 29 ýaşly, Wahyt Orazsähedowa bejergi üçin gelen Kaýseri şäherindäki “Acibadem” hassahanasynda Ortopediýa, Trawmatologiýa boýunça professor lukman Sinan Garaoglynyň we lukman Berkan Çingiziň topary tarapyndan operasiýa edildi.
Türkmenistanyň milli oýunçysy we Gazagystanyň “Turan”sport klubynyň futbolçysy Orazsähedow oýun wagtynda dyzyndan ýaralanandygy üçin profesor lukman Sinan Garaogluna ýüz tutdy.
Lukmanlar Orazsähedowa menusk operasiýasyny etdiler. Bu operasiýada dizdäki süňkleriň arasyndaky kikyrdak aýrylýar ýa-da düzedilýär.
“Wahyt bizi dostlary arkaly tapdy.Ol bizi internet arkaly hem öwrenipdir.Ol bize ýüzlendi we bizem onuň bejergisi üçin ylalaşdyk.Wahyt wagt alyp geldi we bizem ony garşyladyk.
Onuň dyzyny operasiýa etdik.Häzir ýagdaýy gowy we duşenbede operasiýa edildi.Ol sişenbede ýöredi.Biz oňa hyzmat etmekden hoşal” diýip profesor lukmanyň aýdandygyny türk mediasy ýazýar.
29 ýaşly Wahyt Orazsähedow bolsa, “Men Türkmenistanly milli futbolçu.Dyzymdan ýaralandym we operasiýa boldum.Türkiýede 2015-nji ýylda “Osmansporda” oýnadym. Şol ýygyndadaky ýoldaşym Burak hem ýaralanypdy. Şonuň bilen gepleşdim.
Olam profesor lukman Sinan Garaogly bar, örän gowy lukman diýdi.Düýn bu ýerde operasiýa boldum, bu günem ýöredim.Saglygyma tizräk gowuşmak isleýärin.Bütin topara minnetdarlyk bildirýärin” diýip Türk mediasyna aýdypdyr.The post Türkmenistanly milli futbolçynyň dyzyna Türkiýede operasiýa edildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.
