Täjigistanda täze futbol möwsümi 1-nji aprelde başlar

Täjigistanda täze futbol möwsümi 1-nji aprelde başlar

Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň ýaryşlary guramak baradaky komitetiniň howandarlygyndaky ähli futbol ýaryşlarynyň 2021-nji ýyl üçin möwsüminiň wagty tassyklanyldy. TFF-niň metbugat gullugynyň habaryna görä, täze möwsüm 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Täjigistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk bilen başlar.

Arzyly kubok ugrundaky duşuşyk ýurduň çempiony Istiklol bilen Kubok ýaryşynyň ýeňijisi, Kulýab şäheriniň Rawşanynyň arasynda geçiriler.

Mundan başga-da, TFF ýurduň futbol boýunça iň ýokary ligasynyň ýubileý ― 30-njy möwsüminiň esasy ugurlaryny kesgitledi.

Öňümizdäki möwsümde 10 topar üç aýlawdan ybarat ýaryşa goşular. Möwsümiň açylyş tapgyry 3-nji aprelde bolar. Has takygy, ýubileý möwsümiň çempionlygy üçin Istiklol (Duşanbe), Hujand (Hujand), SSKA (Duşanbe), Kuktoş (Rudaki), Hatlon (Bohtar), Duşanbe-83 (Duşanbe), Faizkand (Wose), Istarawşan (Istarawşan), Rawşan (Kulýab) we Eshata (Hujand) toparlary göreşer.

Täjigistanyň futbol çempionatynyň 2020-nji ýyldaky möwsümine Istiklolyň düzüminde türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedowyň hem gatnaşandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenildi, Maryda türkmen-eýran sergisi açyldy, Ýylyň parlak ýyldyzy 2023 atly aýdymçylaryň arasyndaky bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar kesgitlendi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary 15-nji dekabrda ýakylar, Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär we beýleki habarlar
Süleýman Muhadowyň gatnaşmadyk duşuşygynda SSKA nobatdaky ýeňşini gazandy
Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga aldy, Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherine ugrady, Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanun çap edildi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol toparlary AFK-nyň kubogynda täjik toparlary bilen 21-nji duşuşygyny geçirdiler
Özbegistanda täze halkara awtobus gatnawlary ýola goýlar
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumy geçirildi