Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumy geçirildi

Şu gün Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherindäki Täjik milli uniwersitetinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň ikinji forumy geçirildi. Bu barada Täjigistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň ikinji forumy Duşanbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilýär. Foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň bilim ministrleri, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşýar.

Türkmenistan döwletimizde hem bilim ministri Gurbangül Ataýewa hem-de ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdy.

Täjigistanyň bilim ministri Saidzoda Rahim Hamronyň başlyklyk etmeginde geçirilen foruma Gazagystanyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbek, Özbegistanyň ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministriniň orunbasary Sarwarhon Buzrukhonow we beýlekiler gatnaşdy.

Globallaşma döwründe uniwersitetleriň we bilim merkezleriniň biri-biri bilen ýakyn arabaglanyşygy bellendi.Merkezi Aziýa uniwersitetleriniň arasyndaky şu günki hyzmatdaşlyk belli bir strategiki maksatlara ýetmäge kömek edip biler. Ýokary bilim ulgamy we ýeke-täk ynsanperwer giňişligiň emele gelmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmeginde esasy faktorlardyr.

Forumyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada ylmy we pedagogiki gatnaşyklary ösdürmäge, akademiki hereketi we iki derejeli bilim maksatnamalaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe şertnama we ylalaşyga gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Täjik edebiýaty
Täjigistanda gurulýan türkmen mekdebiniň gurluşyk işleri maslahatlaşyldy
Türkmenistan we Özbegistan bilelikdäki çäreleriň Ýol kartasyna gol çekdiler
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna seredildi
TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş, Özbegistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi