Hakan Fidan ertir Özbegistana sapar gurar

Hakan Fidan ertir Özbegistana sapar gurar

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Hakan Fidan Ali Ýerlikaýanyň we Ibrahim Kalynyň Özbegistana gurajak saparynda ilkinji gezek üçtaraplaýyn formatda geňeşmeler geçirer.

Geçiriljek duşuşyklarda ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady gatnaşyklar bilen howpsuzlyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alynyp maslahatlaşylar.

Maslahat bilen birlikde Türkiye bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň guramaçylyk ugrunda has hem güýçlendirilmegi bilen bagly işleriň gutarnykly ýagdaýa getirilmegi maksat edinilýär.

Ministr Hakan Fidan saparyň çäginde özbek kärdeşi Bahtyýar Saidow bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

Geçiriljek duşuşykda iýun aýynda Türkiyede geçirilen Türkiye-Özbegistan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 3-nji maslahatynda kabul edilen kararlaryň durmuşa geçirilişi gözden egçiriler.

Şonuň çäginde ykdysadyýet, goranyş senagaty, eneregtika, ulag, medeniýet, bilim, bikanun migrasiýa, terrora garşy göreş bilen howpsuzlyk ugurlaryndaky gatnaşyklaryň ele alynmagyna garaşylýar.

Saparyň çäginde Türki Döwletleriň Guramasy başda bolmak bilen sebitleýin wakalar bilen sebitleýin we halkara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri giňişleýin häsýetde maslahatlaşylar.

Hakan Fidan Özbegistanda prezident Şewket Mirziýoýew tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Aşgabatda rus kärdeşi Putin bilen duşuşdy
Türk ministrlerinden we MHG-nyň başlygyndan ybarat wekiliýet Siriýanyň lideri bilen duşuşyk geçirer
Hakan Fidan bilen Ibrahim Kalyn Ukrainaly wekiliýet bilen duşuşdy
Eýranyň daşary işler ministri möhüm gepleşikler üçin anna güni Türkiyä sapar gurar
Türkiýe ABŞ-Eýran söweşiniň öňüniň alynmagy üçin diplomatiýany ileri tutýar
Erdogan: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiligi Türkiye bolmazdan kämil däl" diýdi
Fidan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň diplomatlaryny kabul etdi we global jebislige ünsleri çekdi