Prezident: Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitini elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge taýyn

Prezident: Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitini elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge taýyn

Türkmenistan özüniň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna, olaryň çäginiň üsti bilen daşarky bazarlara özara bähbitli şertlerde ibermäge taýýardyr.

Muny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşanbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda mälim etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmegi teklip etdi.

Gaz ätiýaçlyklary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistan ýangyjyň bu görnüşini häzirki wagtda Hytaýa, Russiýa, Azerbaýjana we Özbegistana iberýär. Türkmenistandan elektrik energiýasyny bolsa Owganystan, Eýran, Gyrgyzystan we Özbegistan import edýär.

Ýene degişli makalalar

Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa + Koreýa platformasynyň üçünji analitikler forumy geçirilýär
Türkmenistanyň bilim ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ÝOM-larynyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar
Merkezi Aziýanyň önüm öndürijileriniň sergisinde döwlet Baştutanlary türkmen pawilýonyny synladylar
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň wekilleri Duşanbe şäherinde geçiriljek Halkara gurjak teatrlary festiwalyna gatnaşarlar
Türkmenistanyň wekilleri Duşanbe şäherinde geçiriljek Halkara gurjak teatrlary festiwalyna gatnaşarlar