Türkmenistanyň wekilleri Duşanbe şäherinde geçiriljek Halkara gurjak teatrlary festiwalyna gatnaşarlar

Türkmenistanyň wekilleri Duşanbe şäherinde geçiriljek Halkara gurjak teatrlary festiwalyna gatnaşarlar

24-nji oktýabrdan 29-njy oktýabr aralygynda Täjigistanda Çodari Haýol gurjak teatrlarynyň VII festiwaly geçiriler. Howar habar gullugynyň ýazmagyna görä, bu festiwala Türkmenistan ilkinji gezek gatnaşar.

Festiwal gurjak teatr pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, adaty gurjak teatryny janlandyrmak we ösdürmek, estetiki bilimi kämilleşdirmek, şeýle hem ýaş nesliň dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen geçirilýär.

Bu ýyl festiwalda Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan we Eýrandan gelen professional gurjak teatrlary çykyş eder. Şeýle hem bu maksatnama, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurjak bölüminiň talyplarynyň çykyşlaryny öz içine alýar.

Tomaşaçylar çagalar we ulular üçin döredilen özboluşly we ajaýyp çykyşlara tomaşa edip bilerler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Go Viral taslamasynyň çäginde şäher festiwaly geçirildi
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2025-nji ýylyň jemlerini jemledi
Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa + Koreýa platformasynyň üçünji analitikler forumy geçirilýär
Türkmenistanyň bilim ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ÝOM-larynyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar
Prezident: Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitini elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge taýyn
Merkezi Aziýanyň önüm öndürijileriniň sergisinde döwlet Baştutanlary türkmen pawilýonyny synladylar
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär