AFK-nyň kubogy ― 2021: Altymyrat Annadurdyýew yklym ýaryşyndaky 20-nji pökgüsini geçirdi

AFK-nyň kubogy ― 2021: Altymyrat Annadurdyýew yklym ýaryşyndaky 20-nji pökgüsini geçirdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabadyň Altyn asyr futbol topary yklym ýaryşynyň şu möwsümindäki ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň Hujandy bilen deňme-deň (2:2) oýnady. Duşuşykda aragatnaşykçylaryň pökgüleriniň ikisini hem hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. Onuň duşuşygyň 15-nji we 44-nji minutlarynda tapawutlanandygyny habar beripdik.

Şeýlelikde, Altymyrat Annadurdyýew AFK-nyň kubogynda geçiren pökgüleriniň sanyny 20-ä çykardy.Ol bu derejä ýetip bilen ilkinji türkmenistanly futbolçydyr.Yklym ýaryşynyň taryhynda tapawutlanan ildeşlerimiziň 42 adamlyk sanawynyň başyny çekýän hüjümçiniň bu babatda iň ýakyn bäsdeşi bu möwsüm Şagadamda çykyş etjek Myrat Ýagşyýewdir.

Ol yklym ýaryşynda jemi 13 gezek tapawutlanypdy.Sanawyň üçünji ornunda bolsa Altyn asyryň we Dordoýyň (Gyrgyzystan) düzüminde çykyş eden ýyllarynda 8 gezek tapawutlanan Wahyt Orazsähedow bar.

Ýene degişli makalalar

Myrat Ýagşyýew AFK-nyň kubogynda 14-nji goluny geçirdi
TÝL ― 2023: 6-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
TÝL ― 2022: Altymyrat Annadurdyýew soňky 11 möwsümde iň kän gol geçiren futbolçylaryň ilkinji üçlügine girdi
TÝL ― 2022: Altymyrat Annadurdyýew Ýokary ligadaky 130-njy goluny geçirdi
TÝL ― 2023: Myrat Annaýew Altyn asyr bilen Ýokary ligadaky 30-njy goluny geçirdi