TÝL ― 2022: Altymyrat Annadurdyýew Ýokary ligadaky 130-njy goluny geçirdi

TÝL ― 2022: Altymyrat Annadurdyýew Ýokary ligadaky 130-njy goluny geçirdi

Möwsümiň ahyrynda biraz tijenip başlan we Ýokary liganyň soňky üç tapgyrynda üç pökgi geçiren Altyn asyryň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew 26-njy tapgyrdan soň ýene bir üstünligi gazandy.

Türkmenistanyň çempionatyndaky gollarynyň sanyny 130-a tegelän hüjümçi Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda üçünji ornuň ýeke-täk eýesi boldy. Ol ozal bu orny 129 golly topardaşy Myrat Ýagşyýew bilen paýlaşýardy.

Sanawyň başyny 142 gol bilen karýerasyna arakesme beren Süleýman Muhadow çekýär. Ikinji orunda bolsa 133 gol bilen Ahalyň hüjümçisi Didar Durdyýew bar.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar
TÝL — 2023: 16-njy tapgyryň bir duşuşygy öňünden geçiriler
TÝL — 2023: 17-nji tapgyryň Energetik — Merw duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL — 2023: Merw Şagadamy Myrat Ýakşiýewiň dubly bilen ýeňdi
TÝL — 2023: Aşgabat bilen Şagadam deňme-deň oýnady