TÝL ― 2023: 6-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

TÝL ― 2023: 6-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

― Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 38-e çykdy.

― Tapgyrda derwezelere 15 gol geçirildi. Bu bolsa möwsümiň iň ýokary netijesidir.

― 6-njy tapgyrdan soň möwsümde geçirilen gollaryň sany 67-ä çykdy.

Merw ― Köpetdag 2:2

Gollar: 8 Mukam Nazzyýew, 10 Ambýar Mahmudow 52 Öwezbaý Muhammetmyradow, 88 Ýazgylyç Gurbanow.

Ahal ― Aşgabat ― 0:2

Gollar: 60, 63 Şatlyk Gurbanow.

― Baýjan Satlykow şu möwsümde 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedik ilkinji futbolçy boldy.

― Şu duşuşykdan soň Aşgabat Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 700-e tegeledi. Paýtagtyň adybir topary milli çempionatda 700 gol geçiren 10-njy topar boldy.

Altyn asyr Şagadam 4:0

Gollar: 20 Azat Annaýew, 57 (11 m.j.u.) Myrat Annaýew, 59, 82 Wahyt Orazsähedow.

― Altyn asyr şu möwsümde garşydaş derwezelere 10 pökgi geçiren ikinji topar boldy. 6-njy tapgyrdan soň toparyň geçiren gollarynyň sany 11-e çykdy.

― Altyn asyr topary bu ýeňişden soň utugyny 11-e çykaryp, ýaryş tertibinde ikinji orna göterildi.

― Myrat Annaýew bilen Wahyt Orazsähedowyň ikisi hem möwsümde geçiren gollarynyň sanyny 5-e çykaryp, möwsümiň netijeli futbolçylarynyň sanawynda ikinji orna göterildiler.

― Möwsümde 11 metrlik jerime urgularynyň eýýäm üçünjisinden dürs peýdalanan Myrat Annaýew bu babatda birinji orunda. Ýeri gelende aýtsak, ol bassyr üç tapgyr bäri ― 4-nji, 5-nji we 6-njy tapgyrlarda 11 metrlik jerime urgularyny dürs ýerine ýetirip gelýär. Çempionatyň şu möwsüminde 5 gol geçiren Myrat gollarynyň 3-sini 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

― Azat Annaýew Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

― Duşuşykda Wahyt Orazsähedowyň geçiren birinji goly Altyn asyryň Türkmenistanyň çempionatyndaky 900-nji goly boldy. Häzir hasabynda 901 gol bolan aragatnaşykçylar milli çempionatda 900 we ondan hem kän gol geçiren toparlaryň sanawyna altynjy topar bolup goşuldylar.

Arkadag ― Nebitçi 5:0

Gollar: 23, 66 Didar Durdyýew, 73 Begenç Akmämmedow, 77 Altymyrat Annadurdyýew, 82 Yhlas Saparmämmedow.

― Nebitçi täze möwsümde ilkinji gezek utuldy. Toparyň mundan öň şu möwsümde üç ýeňşi, bir deňligi bardy.

― Didar Durdyýew bassyr tapawutlanyp gelýän duşuşyklarynyň sanyny 8-e çykardy. Olaryň 5-si Türkmenistanyň çempionatynda, 3-si Kubok ýaryşyndadyr.

― Çempionatyň şu möwsümindäki gollarynyň sanyny 7-ä çykaran Didar Durdyýew iň netijeli hüjümçileriň sanawynda birinji ornuň ýeke-täk eýesi.

― Goşa gol Didar Durdyýewi soňky 12 möwsümde ― 2012-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň çempionatynda iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda birinji orna çykardy. Indi onuň şol möwsümden bäri çempionatda 144 goly bar.

― Nebitçiniň 3 oýunlyk ýeňişli, 4 oýunlyk utulyşsyz tapgyry tamamlandy.

― Milli çempionatdaky ilkinji 5 resmi duşuşygynda 15 utuk gazanyp, 19 gol geçiren Arkadag futbol topary iň kän gol geçirenleriň arasynda 32-nji, iň kän utuk toplanlaryňň arasynda 29-njy orna göterildi. Ýeri gelende aýtsak, Ýokary liganyň taryhynda 34 topar çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: Altyn asyr Energetikden üstün çykdy
TÝL ― 2023: 18-nji tapgyryň Altyn asyr ― Energetik duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: 9 golly duşuşykda Altyn asyr Aşgabatdan üstün çykdy
Ahal we Merw ýeňiş bilen başlady, Altyn asyr Şagadamdan ýeňildi — Ýokary liganyň birinji tapgyrynyň jemleri