Ahal we Merw ýeňiş bilen başlady, Altyn asyr Şagadamdan ýeňildi — Ýokary liganyň birinji tapgyrynyň jemleri

Ahal we Merw ýeňiş bilen başlady, Altyn asyr Şagadamdan ýeňildi — Ýokary liganyň birinji tapgyrynyň jemleri

Aşgabat şäherinde, Ahal welaýatynda we Balkanabat şäherinde geçirilen üç oýun arkaly futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsüminiň 1-nji tapgyry tamamlandy.

Duşuşyklaryň birinjisi Büzmeýin etrabynda geçirilip, onda Altyn asyr Şagadamy kabul etdi. Çarymyrat Gurbanowyň eminlik eden oýny garaşylmadyk ýagdaýda myhman toparyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Şagadamyň düzüminde Nurjan Japarow (53) we Nadyrgeldi Atajanow (96) tapawutlanan bolsa, ýer eýeleriniň ýeke-täk goluna Wahyt Orazsähedow (73) awtorlyk etdi. Oýnuň 83-nji minutynda myhmanlaryň oýunçysy Arslan Ýollyýew emin tarapyndan meýdançadan çykaryldy.

Ýeri gelende bellesek, Şagadam öz ýeňşini täze tälimçisi Ýewgeniý Tkaçenkonyň tälim bermeginde gazandy. Geçen ýyl Türkmenbaşy şäherine wekilçilik edýän topar 14 utuk bilen çempionatda soňky orny eýeläpdi.

Türkmenistanyň ozalky çempiony Ahal hem täze möwsüme ýeňiş bilen başlady. Türkmennebitönümleri baş müdirligine degişli topar Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde ýerleşýän Sport toplumy stadionynda geçirilen oýunda Energetigi kabul edip, 5:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Alibek Sapaýewiň eminlik eden oýnunda Ahalyň düzüminde Ýazgylyç Gurbanow dubl etdi (17, 29), Gurbanmuhammet Esenow (18) hem-de Alibek Abdyrahmanow (92) dagy bir goldan geçirdiler. Oýnuň 56-njy minutynda Energetigiň derwezeçisi Muhammet Öwezow topy öz derwezesine ýollady. Geçen möwsümde Serdar Geldiýewiň şägirtleri 38 utuk bilen dördünji orny eýelän bolsa, Energetik 17 utuk bilen 7-nji basgançakda möwsümi jemläpdi.

Jemşit Orazmuhammedowyň Merwiň baş tälimçisi hökmündäki debýut oýny üstünlikli geçdi. Onuň türgenleşdirýän topary birinji tapgyrda myhmançylykda Nebitçiden üstün çykdy. Duşuşygyň ykbalyny ýeke-täk gol kesgitläp, ol 83-nji minutda Serdar Annamämmedow tarapyndan derwezä gönükdirildi. Oýna Resul Mämmedow eminlik etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 32-nji möwsümi Aşgabat we Köpetdag toparlarynyň arasyndaky Aşgabat derbisi bilen badalga aldy. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki Sport toplumy stadionynda geçen şol oýun 0:0 hasabyndaky deňlikde tamamlandy.

Birinji tapgyran soňra Ahal, Şagadam we Merw toparlary liderlik edýärler. Arkadag topary özüniň deslapky oýnuny ikinji tapgyrda Altyn asyr bilen geçirer. Oýun 7-nji martda geçiriler. Şeýle-de ikinji tapgyrda Merw — Ahal, Energetik — Aşgabat we Şagadam — Nebitçi oýunlary bolup geçer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň futbol çempionaty: 5-nji tapgyryň duşuşyklary barada maglumatlar paýlaşyldy
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: 6-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy