Pakistan delegasiýasy TOPH gurluşygyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana geldi

19-njy maýda, TOPH bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak üçin, Türkmenistana Pakistanyň delegasiýasy geldi. Bu barada Pakistanyň “TheNews” neşiri habar berýär.

Delegasiýa Pakistanyň premýer-ministriniň nebit meselelerine gözegçilik edýän ýörite kömekçisi Nadim Babar (Nadeem Babar) ýolbaşçylyk edýär.

Ýatladýarys, 12-nji martda Türkmenistan we Pakistan TOPH-yň gurluşygy hakynda şertnama baglaşdy.

9-njy maýda Eýranyň Pakistanyň üstünden halkara arbitražyna arza berendigi, onda Eýrandan Pakistana çekilmeli we TOPH gaz geçirijisine bäsdeş bolan geçirijiniň gurluşygynyň gijikdirilmeginden şikaýat edilýändigi mälim boldy.

13-nji maýda Aşgabada Eýranyň DIM-niň başlygy geldi we Tähranyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekçi bolýandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň TOPH arkaly satjak gazynyň nyrh dawasy güýçlenýär
47 dünýä rekordynyň eýesidi
Aýlag ýurtlary Hizbullahyň Baş sekretary Hasan Nasrallahy terror sanawyna aldy
Italiýaly kruner Naim Abid aşgabatlylary retro-hitler bilen tanyşdyrdy
Türkmen studenti Täjigistanda ýol heläkçiliginde wepat boldy
17.11.2019 | Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar