Italiýaly kruner Naim Abid aşgabatlylary retro-hitler bilen tanyşdyrdy

Magtymguly adyndaky Sazly drama teatrynyň sahnasynda italiýaly myhmanlar çykyş etdiler.Daşary ýurt sazlaryny halaýan aşgabatlylarda we paýtagtyň myhmanlarynda repertuarynda geçen asyryň 30-50-nji ýyllarynyň aýdymlaryny kruner usulynda ýerine ýetirýän italýan toparynyň döredijilgi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredi, bu usul aýdymlaryň kyssa kysmynda we ýumşak äheňde ýerine ýetirilmegi bilen tapawutlanýar, onda blýuz we gawaý sazlarynyň, brodweý mýuziklleriniň we belkantonyň elementleri bar.

Aşgabatda tanymal italýan krunerleriniň biri Naim Abid çykyş etdi.Giň diapazonly üýtgeşik sesli bu aýdymçy etniki, şeýle hem häzirkizaman aýdymlaryny aýtmagyň ussady.Galyberse-de doga zehinli aranžirleýjä islendik retro eseri nepis ýerine ýetirmek aňsat düşýär.

Toparyň beýleki agzalary barada aýdylanda, pianinoçy Fabio Gorliýer Turinde konserwatoriýany fortepiano ugrundan tamamlandan soň bir jaza imrigýär-de Italiýada geçirilen festiwallaryň dördüsine gatnaşýar.Konserwatoriýa bilimli kontrabasçy, sazanda we aranžirleýji-kompozitor Rikkardo Barbera.

Urulyp çalynýan saz gurallaryny çalýan Folko Fedele Milandaky Häzirki zaman sazlary akademiýasynyň uçurymy, ol toparlaryň birnäçesi bilen işleşýär, simfoniki orkestrler bilen hyzmatdaşlyk edýar, kinofilmlere saundtrekleriň ýazgysyna gatnaşýar.Konserte gelenlerden ýaňa zalda ýer ýokdy.

Sahna tans edip Naim çykdy-da, Kol Porteriň “Sen ömrümiň manysy” aýdymyny owadan bariton sesde ýerine ýetirdi.Naim aýdymy ýöne bir aýtmaýar-da, ony dürli duýgylar we mähir bilen baýlaşdyrýar.

Ol hem aýdymçy, hem tansçy ýa-da şoumen bolup, sungat dilinde tomaşaçylar bilen ýürekdeş söhbet edýärdi.Onuň ussatlygyndan täsirlenen diňleýjiler sahna çykyp tans edýärdiler, aýdymlaryň gaýtalamasyny bile aýdýardylar.

Italýan dilini suwara bilýän belli türkmen aýdymçysy Bahar Durdyýewa Naim bilen bilelikde aýdym aýtdy.Konsertiň ahyrynda Bahar Naim bilen bilelikde Nury Halmämmedowyň “Türkmen sährasy” aýdymyny ýürek töründen çykýan owazda ýerine ýetirdi.

Türkmen dony bilen telpegi ony has gowy gelşige getirdi. “Näme üçin ýaş halyňyza uly nesliň aýdymlaryny aýdýarsyňyz?” diýlip soralanda Naim şol ajaýyp we ýürege ýakyn aýdymlary saklap galmagy we şu döwrüň saz muşdaklaryna ýetirmegi özi üçin asylly wezipe saýýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Italiýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy konsertiň guramaçylary boldular.

Ýene degişli makalalar

Diananyň dakynan göwheri auksiona çykdy
Türkiýede Kitaphanaçylyk
Şeýh Naim Gasym: Sardar Soleimani Yslam dünýäsiniň şehitidir
Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar
17.11.2019 | Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar
Türkmen studenti Täjigistanda ýol heläkçiliginde wepat boldy