Pakistan, Kipr Meselesinde Türkiýä Goldaw Berýär

Pakistan, Kipr Meselesinde Türkiýä Goldaw Berýär

Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi, Kipr meselesinde ýurdunyň Türkiýä goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler, Pakistana guraýan saparynyň çäginde Prezident Alwi tarapyndan kabul edildi.

Kabul edilşikde, Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meselelerinde iki ýurduň birek-birege goldaw bermegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurt Owganystanyň parahatçylygyna we owgan galkynyň durnuklulygyna goldaw berilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.

Prezident Alwi, Pakistanyň Kipr meselesinde Türkiýä goldaw bermäge dowam etjekdigini ýene-de bir gezek nygtady.

Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler, saparynyň çäginde Pakistanyň Baş ştabynyň başlygy Nadim Rza bilen hem duşuşdy.

Ýene degişli makalalar

47 dünýä rekordynyň eýesidi
Aýlag ýurtlary Hizbullahyň Baş sekretary Hasan Nasrallahy terror sanawyna aldy
Italiýaly kruner Naim Abid aşgabatlylary retro-hitler bilen tanyşdyrdy
Türkmen studenti Täjigistanda ýol heläkçiliginde wepat boldy
17.11.2019 | Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar
Türkiýede türkmen agyr atletikaçylary iki medal gazandylar
Şeýh Naim Gasym: Sardar Soleimani Yslam dünýäsiniň şehitidir