TÝL ― 2022: Altymyrat Annadurdyýew soňky 11 möwsümde iň kän gol geçiren futbolçylaryň ilkinji üçlügine girdi

TÝL ― 2022: Altymyrat Annadurdyýew soňky 11 möwsümde iň kän gol geçiren futbolçylaryň ilkinji üçlügine girdi

Möwsümiň ahyrynda köp gol geçirip, ýene-de adyny dillere dolduryp başlan Altyn asyryň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň ilkinji üçlügine girmegi başardy.

25-nji tapgyrda Köpetdagyň derwezesinden bir pökgi geçiren Altymyrat soňky 11 möwsümdäki gollarynyň sanyny 129-a çykardy. Şeýlelikde, ol ýokarda görkezilen möwsümden bäri çempionatda iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji üçlügine girdi. Ýöne Altymyrat häzir üçünji orny topardaşy Myrat Ýagşyýew bilen paýlaşýar.

Başynda 142 gol bilen Süleýman Muhadow duran sanawyň ikinji ornunda ondan 10 goly az geçiren Didar Durdyýew bar.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
Myrat Ýagşyýew AFK-nyň kubogynda 14-nji goluny geçirdi
TÝL ― 2022: Altymyrat Annadurdyýew Ýokary ligadaky 130-njy goluny geçirdi
TÝL ― 2023: Myrat Annaýew Altyn asyr bilen Ýokary ligadaky 30-njy goluny geçirdi
TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar