TÝL ― 2023: Myrat Annaýew Altyn asyr bilen Ýokary ligadaky 30-njy goluny geçirdi

TÝL ― 2023: Myrat Annaýew Altyn asyr bilen Ýokary ligadaky 30-njy goluny geçirdi

Ýarym goragçy Myrat Annaýew Altyn asyryň düzüminde Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 30-a tegeledi. Şeýlelikde, ol aragatnaşykçylar bilen milli çempionatda 2013-nji ýyldan bäri iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň sanawynda altynjy orna göterildi.

Bu sanawyň başyny 108 golly Altymyrat Annadurdyýew çekýär. Ol toparda soňky 11 möwsümde 100-den kän gol geçiren ýeke-täk futbolçydyr. Häzir karýerasyny Täjigistanda dowam etdirýän hüjümçi Süleýman Muhadow bolsa Altyn asyrda futbol oýnan ýyllarynda Ýokary ligada 63 gezek tapawutlandy. Ilkinji üçlügi 62 gol bilen Myrat Ýagşyýew jemleýär.

41 golly Didar Durdyýew bilen 36 golly Mihail Titow bu sanawyň ilkinji bäşliginde.

Myrat Annaýewiň 2-nji tapgyrda Ahal bilen geçirilen duşuşygyň 73-nji minudynda tapawutlanandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar
TÝL — 2023: 16-njy tapgyryň bir duşuşygy öňünden geçiriler
TÝL — 2023: 17-nji tapgyryň Energetik — Merw duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL — 2023: Merw Şagadamy Myrat Ýakşiýewiň dubly bilen ýeňdi