Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durky täzelener

Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durky täzelener

Aşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durkuny döwrebap täzelemegi we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagy Russiýa Federasiýasynyň Wozroždeniýe önümçilik birleşigi paýdarlar jemgyýetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak baradaky şertnamany şol paýdarlar jemgyýeti bilen tölegsiz esasda baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we bu işleri 2024-nji ýylyň maý aýynda doly tamamlamak bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi
“Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşylar
Türkmenistan Pakistana ynsanperwerlik kömegini iberer, Wozroždeniýe Aşgabatdaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döwrebaplaşdyrar, Gyzykly gezelenç gepleşiginiň täze sany köpçülige ýetirildi
“Wozroždeniýe” kompaniýasy Aşgabatdaky Magtymgulynyň täze ýadygärliginiň durkuny täzelär
Aşgabat şäher häkimligi “Wozroždeniýe” bilen täze şertnama baglaşar
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty ata Watanymyzyň...