“Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşylar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durkuny döwrebap täzelemegi we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagy Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi paýdarlar jemgyýetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak baradaky şertnamany şol paýdarlar jemgyýeti bilen tölegsiz esasda baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we ony 2024-nji ýylyň maý aýynda doly tamamlamak bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi
Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durky täzelener
Türkmenistan Pakistana ynsanperwerlik kömegini iberer, Wozroždeniýe Aşgabatdaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döwrebaplaşdyrar, Gyzykly gezelenç gepleşiginiň täze sany köpçülige ýetirildi
“Wozroždeniýe” kompaniýasy Aşgabatdaky Magtymgulynyň täze ýadygärliginiň durkuny täzelär
Aşgabat şäher häkimligi “Wozroždeniýe” bilen täze şertnama baglaşar
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty ata Watanymyzyň...