Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli, ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredijilik bäsleşigi geçiriler

Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli, ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredijilik bäsleşigi geçiriler

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, halkara derejede geçirilýän çäreleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredijilik bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün — 22-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatynda aýdyldy.

Agentligiň ýolbaşçysy gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän beýleki işler barada hem hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şanly senäni dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenaragatnaşyk agentligi tarapyndan, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny sanly we neşir görnüşinde taýýarlamak hem-de Magtymguly Pyragy portalyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, akyldar şahyryň şanly toýy mynasybetli poçta markalaryny goýbermek we olaryň şekil taslamasyny düzmek üçin döredijilik bäsleşigini ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi