
Russiýanyň Dagystan respublikasynyň Mahaçkala şäheriniň deňiz portunda Türkmenistandan gelen nebit tankerinde partlama boldy.
Hadysada iki işçi öldi, üçüsi hem ýaralandy.
Halas edijileriň maglumatyna görä, partlama nebit önümleriniň guýulýan pursady ýüze çykypdyr.
Rus habar serişdeleri 2 müň tonna nebitli tankeriň Türkmenistandan gelendigini aýdýarlar.
Mundan öň peýda bolan habarlarda Türkmenistanyň Mahaçkalanyň üsti bilen dünýä bazaryna 1,5 million tonna nebit eksport edendigi bellenipdi.