Malawiniň wise-prezidenti ýogaldy

Malawiniň wise-prezidenti ýogaldy

Malawiniň prezident ofisinden berilen beýanatda, wise-prezident Saulos Klaus Çilimany we ýanyndaky 9 ýolagçyny alyp barýan harby uçaryň ýere gaçandygy mälim edildi.

Beýanatda uçaryň içindäki Çilimanyň we beýleki 9 adamyň ýogalandygy aýan edildi.

Ýurduň paýtagty Lilongwe şäherinden Mzuzu şäherine gitmek maksady bilen ýola çykan uçar düýn agşam radardan ýitipdi.

Malawiniň prezidenti Lazarus Çakwera uçaryň ýaramaz howa şertleri we görüş aralygynyň pesdigi sebäpli Mzuzu şäherindäki howa menziline gonup bilmändigini we birnäçe wagt soň radardan ýiten uçaryň tapylmagy üçin tapawutly ýurtlardan kömek tekliplerini alandyklaryny habar beripdi.

Dereksiz ýiten uçaryň bölekleri gözleg işleriniň netijesinde Mzuzu şäheriniň günortasyndaky Çikangawa tokaýynda tapyldy.

Ýene degişli makalalar

11-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
Halkara Bitaraplyk güni hem-deTäze ýyl baýramy mynasybetli Datmeni haryt nyşanly nogullaryň täze görnüşleri öndürilýär
50-den gowrak jemgiýetçilik guramasy Türkmenistan babatda Moskwa mehanizmini ulanmagy ÝHHG-dan talap edýärler
Filippinlerde Rai taýfuny sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy
Braziliýadaky daşgyn suwlarynyň pidalary 200 adamdan geçdi