“Olary diri görkeziň!”: ÝHHG ýurtlary dereksiz ýitirmelere garşy berk çäre görmeli

“Olary diri görkeziň!”: ÝHHG ýurtlary dereksiz ýitirmelere garşy berk çäre görmeli

“Olary diri görkez!” kampaniýasy ÝHHG agza döwletleri Türkmenistanyň hökümetini ýurtda zor bilen ýitirim edilmeleriň öňüni almaga we adam hukuklarynyň gödek bozulmagynyň pidalarynyň maşgalalaryna adalat gözlemekde ýardam bermäge çagyrdy. 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalarynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda çap bolan bu beýanatda ýurtda dereksiz ýiten, ýagny ykbaly näbelli galýan, diridigine ýa ölendigine, boşadylyp-boşadylmandygyna subutnama bolmadyk adamlaryň sanawynyň ep-esli artandygy bellenýär. Şol bir wagtyň özünde, zor bilen ýitirim bolanlaryň onlarçasynyň tussaglyk möhleti bireýýäm doldy.

Türkmenistanda köpçülikleýin repressiýalaryň başlanmagyna ýigrimi ýyl boldy,

ÝHHG agza döwletler, ýitirim edilmeleriň soňuna çykmak üçin aýgytly çäreleri görmeli diýip, “Olary diri görkez!” kampaniýasy aýdýar.

22-nji noýabrda çap bolan maglumatda, 20 ýylda Türkmenistanda tussaglaryň zor bilen ýitirim edilmeginiň yzygiderli bir adata öwrülendigi, uzak möhletleýin azatlykdan mahrum edilen ýüzlerçe adamyň, şol sanda 2002-nji ýyldan bäri syýasy we dini sebäplere görä tussag edilenleriň dereksiz ýitendigi, ýurduň hökümetiniň bolsa, halkara basyşlara garamazdan, olaryň ykbaly baradaky soraglara jogap bermeýändigi bellenýär.

Kampaniýanyň beýanatynda Türkmenistanda hökümetiň zor bilen ýitirim etmek tejribesini ilkinji gezek 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda şol wagtky prezident Nyýazowa garşy döwlet agdarylyşygy synanyşygynda aýyplanan syýasy oppozisiýa liderine garşy ulanandygy bellenýär.

"Bu wakadan soň bolup geçen köpçülikleýin repressiýa tolkunynda 'noýabrçylar' ady bilen tanalýan topar, ýagny ýokary derejeli hökümet we harby işgär tussag boldy, çalt we adalatsyz sud edildi we uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi" diýilip, beýanatda aýdylýar.

Kampaniýa döwlet agdarylyşygy synanyşygynda aýyplanýan şahsyýetleriň zor bilen ýitirim edilmegine degişli 61 wakany hasaba aldy we ýene üç adamyň "noýabrçylaryň" maşgala agzalarynyň Türkmenistandan gaçmagyna kömek etmekde aýyplanandygyny dokumentleşdirildi. Dereksiz ýitenleriň arasynda öňki wise-premýer we daşary işler ministri Boris Şyhmyradow we ÝHHG-däki öňki ilçi we öňki daşary işler ministri Batyr Berdiýew bar.

Bu tussaglara kanuny ýardam we lukmançylyk kömegi berilmedi. Olar daşarky dünýäde üzňeleşdirildi, olaryň ýakynlary diridigi ýa-da ölendigi hakynda habarsyz galdy.

Kampaniýa 2002-nji ýylyň 25-nji noýabryndan bäri ýitirim bolan otuz üç adamyň tussaglyk möhletiniň dolandygyny, emma ykbalynyň henizem belli däldigini belleýär.

"Şu ýylyň noýabr aýynda 2002-nji ýyldan bäri türkmen türmelerinde üznüksiz tussaglykda saklanýan onlarça adamy ýatlaýarys. Zor bilen ýitirim etmek jenaýat tejribesi ilkinji gezek Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan jemgyýeti gorkuzmak we syýasy nägileligi basyp ýatyrmak üçin ulanyldy" - diýlip “Olary diri görkez!” kampaniýasy öz beýanatynda belleýär.

Maglumatda zor bilen ýitirim edilmeleriň öňüni almakdaky takyk öňegidişlik gazanmagyň diňe pidalar we olaryň garyndaşlary üçin adalaty dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem, häkimiýetleriň režime howp hökmünde sereden ýagdaýynda dereksiz ýitirim bolmak howpy astyna düşýän tutuş türkmen jemgyýeti üçin möhümdigi bellenýär.

Şu günki gün “Olary diri görkez!” kampaniýasy Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýitirim edilenleriň 162 wakasyny hasaba aldy.

Pidalaryň täzelenen sanawyna esasan 2016-2018-nji ýyllar aralygyna degişli goşmaça onlarça waka girdi. Şol döwürde bolan ýagdaýlar wagtyň geçmegi bilen tassyklanypdyr. 2019-njy ýylyň sanawynda 121 ýagdaý hasaba alnypdy.

Şeýle-de, sanawyň häzirki düzüminden 65 adamyň ady aýrylypdyr - olaryň 29-synyň tussaglykda ýogalandygy, 10-synyň boşadylandygy, 26-synyň azatlykdan mahrum edilmeginden soň garyndaşlaryna yzyndan barmagyň rugsat berlendigi anyklanypdyr.

Sanawyň awtorlary ýurtdaky raýat azatlyklaryny düýpli basyp ýatyrmak we daşary ýurt adam hukuklary guramalaryna we halkara synçylara barmaga rugsat bermezlik tejribeleriniň sanawyň doly däldigini çaklamaga esas berýändigini bellediler.

Zor bilen ýitirim edilmek meselesinden başga-da, Türkmenistan türmelerde iň köp bendi saklaýan ýurtlaryň biri. Türmeleri boýunça bütindünýä hasabatyna görä, Türkmenistanda ýurduň her 100000 adam hasabyndan 576 tussag bar. Bu, dünýädäki üçünji uly görkeziji.

Geçen ýylyň fewral aýynda Merkezi Aziýanyň Analitika Merkezi türkmen türmelerinde häzirki wagtda 35 000 töweregi tussagyň bardygyny, munuň ýurduň türmeleriniň göwrüminden üç esse köpdügini habar berdi. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri şonda türkmen türmelerindäki bendileriň sanynyň 51 000 adamdan geçendigini habar berdiler.

Türkmenistan türmelerde saklanýanlaryň we boşadylanlaryň sany barada resmi maglumatlary çap etmeýär.

Adam hukuklary boýunça halkara guramalaryna görä, Türkmenistan gynamalar giňden ulanylýan ýurtlaryň biri bolmagynda galýar. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenistanyň türmelerinde ulanýan agyr gynamalar barada birnäçe gezek habar beripdi. Öňki tussaglaryň gürrüň bermegine görä, Türkmenistanyň türmeleri iňňän agyr şertleri we işgärleriň zalymlygy bilen tapawutlanýar.

2020-nji ýylyň iýunynda ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisi Jeýms S. Gilmore Türkmenistanda adam hukuklarynyň depelenmegi we esasy azatlyklaryň çäklendirilmegi bilen bagly agyr meseläni ykrar etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Ýek Ýürek Türkiýe” Kömek Kampaniýasyna Uly Goldaw Berildi
BMG Agza Ýurtlary Ýardam Kampaniýasyna Goşant Goşmaga Çagyrdy
Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Arap Ýurtlary Bilen Gatnaşyklary
Kommunikasiýalar edarasy "Asyryň raýdaşlygy" kampaniýasyny başlatdy
“Ak Depe Hyzmat” mosarella peýniriniň önümçiligini ýola goýar
ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti baryp görmek üçin "göreldeli" penahana saýlady