ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti baryp görmek üçin "göreldeli" penahana saýlady

ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti baryp görmek üçin "göreldeli" penahana saýlady

Haýwanlara hoşniýetliligi wagyz etmek Türkmenistanda soňky hepdelerde bir waka öwrüldi. Ýurtda itlere bolan garaýşy kadalaşdyrýan kanun kabul edildi, daşary ýurt wekilhanalarynyň işgärleri we türkmen jemgyýetçilik wekilleri idegsiz haýwanlaryň saklanýan göreldeli penahanalaryna baryp gördi. Şol bir wagtyň özünde itler we pişikler şäherleriň köçelerinde rehimsizlik bilen tutulýar hem-de öldürilýär.

17-nji awgustda Änewde ýerleşýän "Arassa penje" we "Ömür ber" atly iki sany hususy penahana ÝB-niň wekiliýetiniň işgärleri we meýletinçiler tarapyndan sapar edildi. Ýerli media serişdeleriniň habar berişi ýaly ÝB-niň wekilleri Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti we meýletinçiler topary bilen bilelikde bu penahanalarda saklanýan haýwanlar üçin azyk we derman sowgat beripdir.

ÝB-niň Aşgabatdaky wekiliýetiniň Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, olar baryp görmek üçin haýwanlara gowy garaşyk etmekde ýokary baha berlen penahanalary saýlapdyr.

"Aşakda belläp geçişimiz ýaly, ÝB delegasiýasy haýwan hukuklary aktiwistleri bilen maslahatlaşdy we haýwanlara bolan gatnaşygy üçin ýokary baha berlen "Arassa penje" we "Podari mne žizn" atly penahanalary saýlandy" - diýlip, ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti Azatlyk radiosynyň soraglaryna hat üsti beren jogabynda aýtdy.

Saparyň öňüsyrasynda Aşgabatda we Türkmenabatda haýwanlary goramak boýunça aktiwistler itleriň tutulmagy we öldürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly wakany habar berdiler. Aktiwistler paýtagtyň itler üçin iki penahana ýakyn wagtda daşary ýurt wekilleriniň boljak sapary barada habar berdiler.

"Meýletinçiler we ÝB-niň işgärleriniň Änewdäki iki hususy penahana baryp görer. Ynsanperwerlik missiýasynyň "Arassa penje" we "Ömür ber ("Podari mne žizn") atly penahanalara baryp görmegine garaşylýar, emma "Umyt adasy" atly agyr şertli üçünji penahana barmajagy çak edilýär" -diýip, haýwan goraýjy 14-nji awgustda Aşgabatdan habar berdi we soňky agzalan penahanada şertleriň "elhençdigini" belläp geçdi.

Azatlyk Radiosyna ugradylan wideoda hem türkmenabadyň ýaşaýjysy ýakyn wagtda boljak sapar barada aýdýar we ol itlere we pişiklere rehimsizlik meselesine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge synanyşýar. Türkmenabatda surata düşürlen wideoda tutulan haýwanlaryň jesetlerini kapasalarda görüp bolýar.

Aktiwistler daşary ýurt wekilleriniň haýwanlara hoşniýetlilik temasyna üns bermeginiň Türkmenistanda haýwanlara rehimsizligiň öňüni alyp biljekdigine umyt baglapdylar.

Haýwanlary goraýan aktiwistler problemaly ýerlere baryp görmegiň hakyky meseleleri ýüze çykaryp, rehimsizligiň soňuna çakmak üçin goşant goşup biljekdigine ynanýarlar.

Aşgabatda tutulan haýwanlary kabul edýän esasy ýer Çoganlyda galyndylary gaýtadan işleýän zawodyň çägindäki angarda ýerleşýär. Haýwan goraýjylar bu ýeri itler üçin konslager diýip atlandyrýarlar. Aktiwistler hut şu ýere baryp görmelidigine ynanýarlar.

"Angara baryp görseler gowy bolardy, ýöne hiç kimi salmaýarlar ol dowzaha. Ol ýerde kapasalar ýok, olar umumy bir ýerde köpçülikleýin heläk bolýarlar" - diýip, 14-nji awgustda Azatlyk bilen anonim gürleşen aşgabatly aktiwist ÝB-niň wekilleriniň itler üçin penahanalara saparynyň öňüsyrasynda aýtdy.

Azatlyk radiosy, çeşmeleriniň we haýwanlary goraýjylaryň atlaryny olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen çap etmekden saklanýar. Geçmişde aktiwistler, şol sanda haýwanlary goraýjylar we raýatlar türkmen häkimiýetleri tarapyndan ençeme gezek yzarlandy, gorkuzyldy, ýenjildi we tussag edildi.

Bu aralykda, ÝB-niň wekilýeti penahanalara planlaşdyrylýan sapar barada özleriniň öňünden maglumat çap etmändiklerini aýtdy.Azatlygyň soraglaryna beren jogabynda wekiliýet ilaty öýde saklanýan we idegsiz bolan itlere söýgüsini we aladasyny görkezýän sürýän suratlary we wideolary çap etmek mahabatyny geçirendigini bellenýär we "Bu, sosial media hasaplarymyzyň üsti bilen amala aşyryldy. ÝB-niň wekiliýeti tarapyndan ýüz tutulan aktiwistleriň we garaşsyz metbugatyň belli bir reaksiýasy boldy" diýilýär.

Ozal habar berlişi ýaly, 1-10-njy awgust aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti ýerli ilata öý haýwanlaryna idegi wagyz edýän "10 günlük söýgi we hoşniýetlilik" çäresini yglan etdi.Kampaniýanyň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň raýatlaryny öz öý haýwanlaryna ýa-da eýesiz galan haýwanlara ideg edýän hekaýalarynda ýa-da Instagram ýazgylarynda suratlary we wideolary goýmaga çagyrdy.

Habarda "Türkmenistanda ýaňy-ýakynda tassyklanan" Itleri köpeltmek we kinologiki işler "baradaky kanuny goldaýarys we her kime öý haýwanlaryna mylaýym bolmaga çagyrýarys" diýildi.

Şeýle-de bolsa, Azatlyk Radiosy ÝB-niň wekiliýetinden olaryň Çoganlyda itleriň we pişikleriň köp mukdarda getirilip, iýmitsiz we suwsyz ölýän ýeri bolan "Angar" diýilýän ýer barada habarly bolup-bolmazlygyny; näme üçin sapar etmäge diňe amatly şertli penahanalary saýlandygyny we näme üçin diňe türkmen hökümeti bu kanuny kabul edeninden soň haýwanlara rehimli gatnaşygy mahabat edip başlandygyny bilmek isledi.

Bu sowallara entek jogap bolmady.

Türkmenistanyň häkimiýetleri haýwanlara rehimsizlik baradaky habarlara resmi taýdan düşündiriş bermeýärler. Şol bir wagtyň özünde, 26-njy iýulda ýurduň döwlet habar beriş serişdeleri itlere rehimsizligi gadagan edýän "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanunyň tekstini çap etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aktiwistler Warşawada protest geçirip, türkmen häkimiýetlerinden hasabat soramakçy bolýar
ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti Azatlygyň idegsiz itlere degişli sowallaryna jogap berdi
Stambul: Türkmenistanyň konsullygynda ýenjilen türkmen we türk aktiwistleri prokuratura ýüzlendiler
'Türkhowaýollary' sentýabrda Türkmenistana 9 sany çarter reýsini amala aşyrmagy planlaşdyrýar
Türkmenistanly topar Baş konsulhananyň öňünde ýenjilendiklerini aýdyp, jenaýat işiniň gozgalmagy barada arza berdiler
Dar kapasada, aç-suwsyz ölüm. Haýwanlara rehimsizlik dowam edýär