Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Arap Ýurtlary Bilen Gatnaşyklary

Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Arap Ýurtlary Bilen Gatnaşyklary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arap ýurtlary bilen gatnaşyklary hakynda durup geçmek isleýäris.

Geçen hepdelerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arap ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň geljegi taýdan möhüm vakalar bolup geçdi. Gelin olara ser salalyň.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedov 2023-nji ýylyň fevral aýynyň 11-12-si aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapar gurady.Gurbanguly Berdimuhamedov saparynyň çäginde BAE-niň Prezidenti Muhammed bin Zaýed en-Nahýan, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Mansur bin Zaýed en-Nahýan bilen duşuşyklar geçirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Abu Dabi Galkynyş Gaznasynyň, Abu Dabi Milli Nebit Kampaniýasynyň, Abu Dabi Port edarasynyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyklar geçirdi.Duşuşyklarda Türkmenistana goýuljak maýa goýumlary, özara gatnaşyklar bilen beýleki meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Berdimuhamedovyň sapary bilen bagly jarnama ve hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekişildi.

2023-nji ýylyň 19-njy fevralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Mansur bin Zaýed en-Nahýan Türkmenistana sapar gurady. BAE-niň vise-premýeri Türkmenistanyň dövlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedov bilen duşuşdy. Duşuşykda özara gatnaşyklaryň ýeten sepgidi seljerildi. Abu Dabi Milli Nebit Kompaniýasy Türkmenistanyň Galkynyş gaz käninde nebit öndürer.

2023-nji ýylyň 21-nji fevralynda Türkmenistanyň dövlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedov Bahreýn Şalygyna resmi sapar gurady.Hova menzilinde Prezident Berdimuhamedovy Bahreýniň Premýer-ministri Halid bin Abdullah al-Halifa garşylady.

Serdar Berdimuhamedov 22-nji fevralda Bahreýniň Şasy Hamad bin İsa en-Halifa bilen duşuşdy.Duşuşykdan soň iki ýurduň arasynda 11 ylalaşyga gol çekişildi.Prezident Berdimuhamedova Bahreýniň ýokary derejeli dövlet sylagy bolan İsa bin Salman en-Halifa ordena govşuryldy.

Prezident Berdimuhamedov Bahreýniň Ykdysady galkynyş geňeşiniň ýolbaşçylary bilen hem duşuşdy.

Özbegistanyň Prezidenti Şavkat Mirziýoýev 2023-nji ýylyň 20-21-nji fevralynda Müsür Arap Respublikasyna sapar gurady.Müsüriň Prezidneti Abdulfattah as-Sisi Prezident Mirziýoýevi hova menzilinde garşylady.Prezident Mirziýoýev saparynyň birinji gününde Kairde ýerleşýän Ahmet Ferganiniň ýadygärligine baryp gördi ve Müsüriň dövlet svilizasiýa muzeýine bardy. Özbegistanyň Prezidenti şol gün Müsüriň işevür dünýäsiniň öňdebaryjy vekilleri bilen duşuşdy. 21-nji fevralda Şavkat Mirziýoýevi resmi garşylama dabarasy guraldy.

Dabaradan soň prezidentler özara duşuşyk geçirdiler.Duşuşykdan soň birnäçe ylalaşyga gol çekişildi.Prezidentleriň bilelildäki jarnama çap edildi.Soň bolsa prezidentler metbugat ýygnagyny geçirdiler.

2023-nji ýylyň 21-nji fevralynda Täjigistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Şeref Şeralizoda Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrliginiň Aziýa departamentiniň Başlygy Muhammed bin Abdulhadi en-Matrafi bilen duşuşdy. Duşuşykda özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşyldy.

2023-nji ýylyň 13-154-nji fevraly aralygynda Dubaide geçirilen Bütindünýä hökümet maslahatyna Merkezi Aziýa dövletleri premýer-ministr, ministr derejesinde gatnaşdylar.

Vakalardan hem belli bolşy ýaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arap ýurtlary bilen gatnaşyklary günsaýyn ösýär. Özara ýokary derejeli saparlar ýygjamlaşýar. Sebitara hyzmatdaşlyk güýçlenýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýetiniň BAE-ne sapary başlandy
Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar
ТУРКМЕНИСТАН НАПРАВИЛ ГУМАНИТАРНУЮ ПОМОЩЬ В АФГАНИСТАН
4 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
“Baş bina” Türkmenbaşy şäherindäki Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurar
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowany 70 ýaş ýubileýi bilen gutlady