Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, milli demokratik ýörelgeleri ösdürmek boýunça taryhy işleri durmuşa geçirmek, döwletlilige, kanunylyga esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam etdirip, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär: 1.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda çagyrmaly we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmeli. 2.Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlaryny 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermeli.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 15-nji iýuly.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy we saglygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet sylaglaryny bermek işini ýokary derejede guramagy tabşyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny durmuşa geçirmek üçin döwlet edaralaryny ýakyn utgaşykly işlemäge çagyrdy