Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet sylaglaryny bermek işini ýokary derejede guramagy tabşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet sylaglaryny bermek işini ýokary derejede guramagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde döwletiň ösüşine saldamly goşant goşan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak meselelerine garaldy.Bu mesele boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy watandaşlarymyza döwlet sylaglaryny gowşurmak we olara hormatly atlary dakmak boýunça işleri guramaçylykly hem-de utgaşykly alyp barmagyň möhümdigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlyk ýyllarynda uly zähmet üstünliklerini gazanan, jemgyýetde uly hormata eýe bolan raýatlaryň ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolmalydygyny nygtady.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna dalaşgärleri hödürlemek işinde doly aç-açanlygy we adalatlylygy üpjün etmegi, şeýle hem bu işi resmileşdirmek boýunça ähli çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy we saglygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny durmuşa geçirmek üçin döwlet edaralaryny ýakyn utgaşykly işlemäge çagyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän giň gerimli taýýarlyk işleriniň başlanandygyny yglan etdi