Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän giň gerimli taýýarlyk işleriniň başlanandygyny yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän giň gerimli taýýarlyk işleriniň başlanandygyny yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça giň gerimli taýýarlyk işleriniň başlanandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň ýokary wekilçilikli halk häkimiýetiniň ýolbaşçysy häzirki döwürde durmuş-ykdysady ösüş boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hem-de jemgyýetiň yzygiderli demokratiýalaşdyrylmagynyň esasy wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi.Uzak möhletleýin ösüşi üpjün etmek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurduň durmuşynyň ähli ugurlarynda özgertmeler syýasatyny dowam etdirmek boýunça täze, netijeli teklipleri taýýarlamagyň möhümdigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy amala aşyrylýan ähli çäreleriň baş maksadynyň raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden hem-de her bir adam üçin amatly ýaşaýyş şertlerini döretmekden ybaratdygyny aýratyn belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ähli jogapkär ýolbaşçylaryň bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary derejede geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy we saglygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet sylaglaryny bermek işini ýokary derejede guramagy tabşyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny durmuşa geçirmek üçin döwlet edaralaryny ýakyn utgaşykly işlemäge çagyrdy