Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny durmuşa geçirmek üçin döwlet edaralaryny ýakyn utgaşykly işlemäge çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny durmuşa geçirmek üçin döwlet edaralaryny ýakyn utgaşykly işlemäge çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda döwlet edaralarynyň özara hyzmatdaşlygyny we ýurdumyzyň daşary syýasat başlangyçlaryny ilerletmek meselelerine aýratyn üns berdi.

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň ýolbaşçysy Halk Maslahatynyň Mejlisiň deputatlary hem-de ýurdumyzyň Hökümeti bilen agzybirlikde iş alyp barmalydygynyň möhümdigini nygtady.Milli Liderimiz häzirki döwrüň öňe sürýän wezipelerine öz wagtynda seslenmegiň hem-de döwleti ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça öz wagtynda netijeli teklipleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Aýratyn tabşyryk milli parlamente hem berildi.Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmalydygyny aýtdy.

Bu iş ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer içeri hem-de daşary syýasatyny dünýä ýaýmaga hem-de giňden wagyz etmäge gönükdirilmelidir.Nygtalyşy ýaly, bu ugur Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany diýen şygar astynda geçýän ýylyň çäklerinde aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy we saglygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary