“Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy geçirildi

“Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH anna güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde guýularyň önüm berijiligini artdyrmakda, käniň tebigy gaz goruny has doly peýdalanmakda işe girizilýän täze desganyň ähmiýeti örän uludyr diýip belledi. Täze gurlan desganyň “A” we “B” önümçilik sehleri bolup, “A” sehiniň wezipesi “Malaý” gaz känini doly özleşdirmekden ybaratdyr. “B” sehi bolsa, “Galkynyş” we “Döwletabat” känleriniň gazyny “Malaý Bagtyýarlyk” gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmaga niýetlenendir.

Bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar - “Petro Gas LLP” (Beýik Britaniýa) bilen bilelikde amala aşyryldy. Gaz gysyjy enjamlar dünýäde meşhur “Dresser-Rand S.A.” kompaniýasy (Fransiýa) tarapyndan getirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, gije-gündiziň dowamynda 45 million kub metr gazy akdyrmaga niýetlenen enjamlaryň her biriniň kuwwaty 32 MWt barabardyr. Açylyş dabarasynyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gaz gysyjy desganyň gurluşygyna türkmen hünärmenleri gatnaşdylar. Olar ähli gurluşyk-gurnama işleriniň 80 göterimden gowragyny ýerine ýetirdiler.

Ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan desgada ygtybarly enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologik çözgütler ornaşdyryldy. Şol enjamlar kämil awtomatlaryň we kompýuterleriň üsti bilen dolandyrylýar.

Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Malaý” ýatagyndan 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylýar. Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatyny “mawy ýangyç” bilen üpjün etmän, eýsem, Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm berýär. Bu halkara energiýa magistraly bilen “Malaý” känini uzynlygy 188 kilometr bolan “Malaý-Bagtyýarlyk” gaz geçirijisi birleşdirýär.

“Malaý” gaz käniniň golaýynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäk ýerleşýär. Şol ýerde 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi resmi taýdan işe girizildi.

Turba geçirijiniň işe girizilen pursadyndan bäri şu ýylyň ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Merkezi Aziýadan Hytaýa 336 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Şunda Türkmenistan iberilen “mawy ýangyjyň” 85 göterimini üpjün etdi.

Häzirki wagta çenli “Türkmengaz” döwlet konserni we “CNPC International Türkmenistan” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýan ýataklardan hyzmatdaşlaryň bilelikdäki tagallasy bilen, Ýuwaş ummanynyň kenaryna çenli türkmen tebigy gazyň jemi 290 milliard kub metri iberildi.

Ýene degişli makalalar

15.01.2021 | Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
“Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desga işe girizildi
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $10,25 milliarda deň boldy
Ýanwar-noýabr: Hytaý $8,82 milliardlyk türkmen gazyny import etdi