Malaýziýa Türkmenistanа halal senagaty boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi

Malaýziýa Türkmenistanа halal senagaty boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi

2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Malaýziýanyň Parlamentinde türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen bu ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary, Oba hojalyk we sebitleýin ösüş ministri Dr. Ahmad Zahid bin Hamidiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada, hususan-da syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara bähbitli gatnaşyklary geljekde has hem ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin dowam edip gelýän hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Şeýle-de malaý tarapy, iki ýurduň işewürleriniň arasynda halal önüm senagaty we halal önümi sertifikatlaşdyrmak ýaly ugurda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny teklip etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi Malaýziýanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşygy
Türkmenistan Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen OTC Asia 2026-da energetika hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Diller dünýäsi dil merkezinde myhmançylykda boldular
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi