Malaýziýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy türkmen işewürlerini MHHS-2024 halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar

Malaýziýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy türkmen işewürlerini MHHS-2024 halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar

Malaýziýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabryndan 20-nji sentýabry aralygynda Kuala-Lumpurda 20-nji Malaýziýa Halkara Halal Sergisiniň (MNHA) geçirilýändigini habar berýär.

MHHS dürli pudaklara degişli halal önümleri we hyzmatlary öz içine alýan halkara we ýerli kompaniýalaryň öz mümkinçiliklerini görkezilişe çykarmaklary üçin niýetlenen öňdebaryjy platformadyr. Hususan-da, onda şu aşakdaky ugurlar boýunça önümler we hyzmatlar hödürlenilýär:

Şeýle hem serginiň çäklerinde halal önümçilik senagatynyň häzirki meselelerini ara alnyp maslahatlaşmak üçin 20-nji MHHS halkara maslahaty hem geçiriler. Şeýle-de Malaýziýanyň Daşary söwdany ösdürmek korporasiýasy hem-de Malaýziýanyň Milli söwdany ösdürmek gullugy tarapyndan Halkara üpjün edijileri gözleg maksatnamasy hem guralar.

Sergä gatnaşmak üçin isleg bildirýän türkmen hususyýetçileri Malaýziýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutup bilerler. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 468421 / +993 12 468422.

Elektron poçtasynyň salgysy: mwashgabat@kln.gov.my.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen OTC Asia 2026-da energetika hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
6-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan awiakompaniýasy Kuala-Lumpur şäherine goşmaça uçuşa başlady