Malide ýurdyň Prezidenti Goita garşy pyçakly hüjüm guramak islän adam ýogaldy

Malide ýurdyň Prezidenti Goita garşy pyçakly hüjüm guramak islän adam ýogaldy

Malide 24-nji maýdaky agdarlyşykdan soň häkimiýetiň başyna geçip, raýat geçiş tapgyrynyň Prezidenti bolan Assimi Goitä garşy pyçakly hüjüm guramak islän adam göz tussaglygynda bolan mahaly ýogaldy.

Maliniň hökümeti tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, şahsyýeti aýan edilmedik hüjümçiniň göz tussaglygyna bolan mahaly huşuny ýitirendigi we alynyp gidilen hassahanasynda ýogalandygy mälim edildi.

Beýanatda hüjümçiniň näme sebäpli ýogalandygy geçiriljek derňewleriň netijesiniň ahyrynda aýan ediljekdigi habar berildi.

Raýat geçiş tapgyrynyň Prezidenti Goitä garşy Gurban baýramynyň ilkinji gününde ýurdyň paýtagty Bamako şäherindäki Uly metjitde okalan baýram namazyndan soň pyçakly bir adam arka tarapyndan gelip, hüjüm guramak isläpdi.

Hüjümçi we ýanyndaky ýene-de bir adam wakanyň bolan ýerinde göz tussaglygyna alyndy, Goita wakada ýaralanmadan halas boldy.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladylypdy.

2020-nji ýylyň awgust aýynda harby agdarlyşygyň arkasyndaky adam bolan we raýat geçiş tapgyrynda Wise-prezident wezipesini ýerine ýetiren polkownik Goita, 24-nji maýda Prezident Bah Ndaw we Premýer ministri Moktar Ouane bilen birlikde köp sanda döwlet adamsynyň göz tussaglygyna alynmagy barada buýruk beripdi.

Goita 7-nji iýunda geçiş tapgyrynyň Prezidenti hökmünde kasam edip resmi ýagdaýda wezipä başlapdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Kipr türklerine garşy edilen “Ganly Roždestwo” gyrgynçylygyny hatyralap geçdi
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz, ABŞ-nyň wekili Tom Barragy Ankarada kabul etdi
Wenesuelada prezident köşgüniň golaýyndan partlama we ýarag sesleri eşidildi
"Azerbaýjany Garaşsyzlygynyň 106 Ýyllygy Bilen Gutlaýarys"
Türkiyäniň daşary işler ministri Hytaýa sapar gurar
Ukraina Meselesi Şweýsariýada Geçiriljek Maslahatda Ara Alnyp Maslahatlaşylar
Jewdet Ýylmaz Alžirde Saparda Bolýar