Wenesuelada prezident köşgüniň golaýyndan partlama we ýarag sesleri eşidildi

Wenesuelada prezident köşgüniň golaýyndan partlama we ýarag sesleri eşidildi

Sosial mediada berlen wideo ýazgylara görä, Wenesuelanyň paýtagty Karakasdaky prezident köşgüniň golaýyndan ýarag we partlama sesleri eşidildi.

Wideo ýazgylarda agyr ýaraglary göterýän adamlar we Miraflores köşgüniň golaýyna ornaşdyrlan harby kerwenler görülýär. Ýerli wagt bilen agşam sagat 20 töweregi hem ýarag sesleri eşidildi.

Ýolbaşçylar waka hakynda heniz hiç hili maglumat bermedi. Wakada adam pidasynyň çekilip çekilmändigi heniz doly bilinmeýär.

Ady agzalýan wakalar Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduronyň we aýaly Kilia Floresiň hepdäniň ahyrynda ABŞ-nyň guran harby operasiýasynda tussag edilmeginden we Wise-prezident Delsi Rodrigesiň wagtlaýyn prezident hökmünde kasam etmeginden birnäçe sagat soň başdan geçirildi.

Ýolbaşçylar köşgüň golaýynda başdan geçirlen wakalaryň ýurtdaky syýasy krizis bilen arabaglanşygynyň bolup bolmandygy hakynda heniz hiç hili maglumat bermedi.

Ýene degişli makalalar

Tramp Prezident Maduro bilen aýalynyň Wenesueladan zor bilen çykarlandygyny aýtdy
Halkara jemgyýetçiligi ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezýär
Delsi Rodriges Maduronyň tussag edilmeginden soň ABŞ-na hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy
Wenesuelanyň Mejlisiniň başlygy 400-den gowrak tussaglynyň boşadylandygyny aýtdy
Maduro: Wenesuela ýeňilmez ýurtdyr
Wenesuela Eýranyň ABŞ-nyň zorlukly hereketlerine garşy ýurduna beren goldawyna minnetdarlyk bildirýär