Wenesuelanyň Mejlisiniň başlygy 400-den gowrak tussaglynyň boşadylandygyny aýtdy

Wenesuelanyň Mejlisiniň başlygy 400-den gowrak tussaglynyň boşadylandygyny aýtdy

Wenesuelanyň Mejlisiniň başlygy Horhe Rodriges geçen hepde yglan edilen we parahatçylyga goşandyň çäginde göz öňünde tutulan tapgyra laýyklykda 400-den gowrak adamyň tussaghanalardan boşadylandygyny mälim etdi.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar boşadylanlaryň sanyny 60 bilen 70 aralygyndadygyny we şol bir wagtyň özünde bu tapgyryň haýal depgindedigini we ýeterlik maglumatyň ýokdugyny beýan edýärler.

Wenesuelanyň tussaghana resmileri duşenbe güni 116 adamyň tussaghanalardan boşadylandygyny aýan etdiler.

Tussaglykda saklanýanlara hukuk goldawyny berýän öňdebaryjy ýerli raýat jemgyýetçilik guramasy Foro Penal, ýylyň başynda azyndan 800 "syýasy tussaglynyň" tussaghanalarda saklanýandygyny habar berdi.

Hökümet bolsa syýasy tussaglary saklamaýandygyny we tussag edilenlere kanuny aýyplamalaryň bildirilýändigini aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Wenesuelada 24-nji iýunda bolan ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 4490 adama ýetdi
Halkara jemgyýetçiligi ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezýär
Tramp Prezident Maduro bilen aýalynyň Wenesueladan zor bilen çykarlandygyny aýtdy
Delsi Rodriges Maduronyň tussag edilmeginden soň ABŞ-na hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy
Wenesuelada prezident köşgüniň golaýyndan partlama we ýarag sesleri eşidildi
Tramp Wenesuelany ABŞ-nyň 51-nji ştaty hökmünde häsiýetlendirdi