Maliýe we ykdysadyýet ministri ÝAÖB-nyň prezidenti bilen duşuşdy

Maliýe we ykdysadyýet ministri ÝAÖB-nyň prezidenti bilen duşuşdy

25-26-njy oktýabr aralygynda Brýusselde geçirilen Global Gateway forumynyň çäginde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew bilen Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň (ÝAÖB) prezidenti Odil Reno-Bassonyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy we ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Serdar Joraýew Odil Reno-Bassonyň ýurduň BSG-ä girmekdäki işleri we Türkmenistanyň daşary söwda baradaky Ähtnamasynyň taýýarlygy barada habar berdi.

Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň Türkmenistanda diňe bir hususy pudak bilen däl, eýsem Ýewropa üçin hem ähmiýetli ulag pudagynda ileri tutulýan sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek meselesi-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Orient ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Global Gateway forumyna gatnaşýar
Netžes: "Günbatar PKK-nyň garaňky tarapyny görmeýär" diýdi
120 ýaşady
Massanyň ýerine Sirotkin
Ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda tamamlanan ýaryşlaryň ýeňijileri:
Hamilton ýurdunda ýeňiş gazandy